Türkmenistanyň güýç gurluşlarynda ýene bir gezek uly arassalaýyş geçirildi diýip, Azatlygyň ýerli çeşmeleri türkmen metbugatyna salgylanyp habar berýär. Döwlet baştutany nobatdaky kadr çalşygy baradaky kararlaryny Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň hepde ahyrynda geçirilen mejlisinde yglan edildi. Ýokary derejeli güýç emeldarlarynyň wezipelerini ýitirmeginiň hakyky sebäpleri belli däl.
Prezident Serdar Berdimuhamedow 3-nji fewralda milli howpsuzlyk ministri Gurbannmyrat Annaýewi wezipesinden boşatdy, ol bu wezipede 2020-nji ýylyň fewralyndan bäri işleýärdi.
Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Annaýewi bu wezipä 12-nji fewralda, Ýaýlym Berdiýewi wezipesinden boşadanyndan soň belledi. Döwlet mediasy Berdiýewiň başga işe geçirilýändigini aýtdy, ýöne onuň täze işi barada maglumat bermedi.
Şeýle-de, Ýokary kazyýetiň başlygy Guwançmyrat Ussanapesowyň wezipesinden boşadylandygy habar berilýär. Ol bu wezipede 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndan bäri işleýärdi.
Mundan başga, Ýokary kazyýetiň başlygynyň orunbasarlary wezipelerinden boşadyldy, Migrasiýa gullugynyň ozalky başlygy howpsuzlyk gullugynyň başlygy wezipesine bellendi.
Güýç gurluşlarynda geçirilen nobatdaky 'arassalaýyşyň' anyk sebäpleri, adatça bolşy ýaly, raýatlara açyk aýdylmaýar.
Türkmenistanda jogapkär wezipelerde işleýän emeldarlaryň, şol sanda güýç ministrleriniň, pudak ýolbaşçylarynyň ýygy-ýygydan çalşyrylmagy 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri adaty bir zat boldy.
Şol bir wagtda, wezipesinden boşadylýan resmileriň soňky ykballarynyň, hatda türmä basylmagynyň hem uzak wagtlap näbelli bolup galýandygy aýdylýar.
MHM-niň öňki ýolbaşçylarynyň birnäçesi, şol sanda Saparmyrat Seýidow, Muhammet Nazarow, Poran Berdiýew, Döwrangeldi Baýramow dürli jenaýatlarda aýyplanyp, türmä basyldy; Begmyrat Otuzow, Allamyrat Allakulyýew, Haýyt Kakaýew ýaly öňki MHM ofiserleri türme tussaglygynda ýogaldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.