Мы в Telegram
Добавить новость

Отвергнутый россиянин исполосовал ножом возлюбленную

Расселенный аварийный дом снесли на улице Быковской в Подольске

Балерина Анастасия Волочкова заявила, что зарабатывает деньги с 17 лет

Певица Савельева улетела из России к мужу Сафонову на фоне сообщений о разводе



World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Dar kapasada, aç-suwsyz ölüm. Haýwanlara rehimsizlik dowam edýär

Dar kapasada, aç-suwsyz ölüm. Haýwanlara rehimsizlik dowam edýär

Türkmenistanda haýwanlara rehimsizlik idegsiz itleri we pişikleri ýok etmek işini amala aşyrýan gulluklaryň işgärleriniň olary tutmak we öldürmek üçin ulanýan aýylganç usullary bilen çäklenmeýär. Aktiwistleriň soňky habaryna görä, weterinariýa klinikalary hem haýwanlaryň ölýän ýerine öwrülýär.

Aşgabatly haýwanlary goraýjylar itlere rehimsizligiň diňe olary tutmak bilen meşgullanýan jemagat hyzmatlary edaralarynyň işgärleri däl-de, eýsem haýwanlara ideg etmek we lukmançylyk kömegini bermek ugrunda işleýän weterinar lukmanlary tarapyndan hem görkezilýändigini habar berdiler.

Aktiwistler Aşgabatda ýerleşýän weterinar klinikalaryň biri barada gürrüň berdiler.

"Şäher weterinariýa karantini Ýerewanskaýa köçesindäki weterinariýa hassahanasynda (...) ýerleşýär. Itler dar kapasalarda, aç we suwsuz, demir gözenegiň aňyrsynda tomus çydap bolmaýan yssyda we gyşda sowukda karantinde saklanýar. Olar gezdirilmeýär, ysy aýylganç"- diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aşgabatly haýwan goraýjy aýdýar. 

Adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen gürlän aktiwistiň sözlerine görä, weterinar karantinine düşýän itleriň arasynda adamy dişlänler bar: “Eger eýeleri alyp gitmese, itleri zäherleýärler ýa-da demir bilen urup öldürýärler. Şonuň üçin lukman olara suw we azyk bermegi gadagan edip, çydap bolmajak şertlerde ölmedik itleriň zäherli iýmite topulmagyny isleýär".

Aşgabatly çeşmelerimiz Ýerewanskaýa köçesindäki bu weterinariýa klinikasynyň itleri ýurtdan äkitmek üçin resminamalary ýazyp berýändigini we onuň bahasynyň 500 manatdygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosy agzalan weterinariýa klinikasyndan karantindäki itleriň saklanýan şertleri barada kommentariý we maglumat almak üçin habarlaşmaga synanyşdy, emma jogap alyp bilmedi. 

Bu aralykda, aktiwistleriň weterinariýa klinikasynda düşüren birnäçe suraty elýeterli boldy. Olarda itleriň dar we hapa kapasalarda saklanýandygy görüp bolýar.

Suratlary ugradan haýwanlary goraýan aktiwist şeýle diýýär: "Bu kiçijik it karantin möhleti gutarmanka öldi we [ýene biri] ýaş alabaý iti satyn alyndy, iki hepde gaçybatalgada geçirdi we Daşoguza bir maşgala iberildi".

Onuň sözlerine görä, alabaý tohum itiniň ykbaly has şowly bolupdyr. Bu it özüni ýenjen eýesini dişlänsoň, karantine düşüpdir. Soň bu it 10 gün karantinden alynman, 15 günläp saklanypdyr, sebäbi ony satyn almak barada gepleşikler bahasynyň üstünde uzaga çekipdir.

"Sebäbi [lukman] bilen alabaýyň satyn alynmagynyň bahasy barada söwda edildi we ol 1000 manat sorady. Bu puly ýygnadyk. Soň hiç kim iti kabul etmek islemedi, sebäbi hususy penahanalar garyp, alabaý itleri bolsa aýry-aýry kapasalarda saklanmaly diýen düzgün bar. Diňe "Umyt adasy" atly penahana kabul etdi, emma ol ýerde ýagdaý aýylganç - köp it açyk meýdanda günüň astynda daňylgy saklanýar" - diýip, çeşme bu hepde iki hepde saklanan itiň soňky ykbalynyň has amatly bolandygyny we onuň hor hem ysgynsyz halda Daşoguza äkidilip, halas edilendigini gürrüň berdi. 

Mundan başga-da, Azatlygyň habarçylary we aktiwistler paýtagtyň jemagat hyzmatlarynyň işgärleriniň itleri we pişikleri awlamak üçin alyp barýan işleri barada habar berip, käbirleriň rehimsizligi bilen tapawutlanýandygyny aýdýarlar.

"Uly itler wagşylar tarapyndan öldürilýär. Olaryň biri Hydyr mundan öň 30-njy etrapçadaky bir kwartira bikanun girip, öý çopan itini rehimsizlik bilen öldüripdi. Emma ol işden kowulmady gaýtam ony giňden ulanýarlar" diýip, aşgabatly aktiwist 16-njy awgustda gürrüň berdi.

Fewral aýynda Azatlygyň habarçylary Aşgabadyň 30-njy etrapçasynda hususy ýaşaýyş jaýyna bikanun giren jemagat gullugynyň işgärleriniň ol ýerdäki öý haýwanlaryny öldürendigini habar beripdi. 28-nji fewralda irden bolan bu wakanyň birnäçe şaýadynyň sözlerine görä, baran iki adam gapynyň gulpuny döwüp,  üç pişigi we bir iti öldüripdir, ýene bir uly iti Çoganlydaky angara äkidilipdir. 

Bu aralykda, habarçylar meýletinçileriň we Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) işgärleriniň 18-nji awgustda Änew şäherindäki iki hususy penahana baryp görmegine garaşylýandygyny habar berdiler. Ynsanperwerlik missiýasynyň "Arassa aýak" we "Ömür ber" atly penahanalara baryp görmegine garaşylýar, emma "Umyt adasy" atly agyr şertli üçünji penahana barmajagy çak edilýär.  

Ondan öň 1-10-njy awgust aralygynda ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti ýerli ilata öý haýwanlaryna idegi wagyz edýän "10 günlük söýgi we hoşniýetlilik" çäresini yglan etdi. Kampaniýanyň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň raýatlaryny öz öý haýwanlaryna ýa-da eýesiz galan haýwanlara ideg edýän hekaýalarynda ýa-da Instagram ýazgylarynda suratlary we wideolary goýmaga çagyrdy. 

Aktiwistler haýwanlary gaçybatalgalarda saklamagyň hakyky şertleri bilen tanyşmak üçin Çoganlydaky angara baryp görmegiň zerurdygyna ynanýarlar.

"Angara baryp görseler gowy bolardy, ýöne hiç kimi salmaýarlar ol dowzaha bar. Ol ýerde kapasalar ýok, olar umumy bir ýerde köpçülikleýin heläk bolýarlar" - diýip, adynyň agzalmazlygy şerti bilen gürleşen haýwan goraýjy aýdýar.

Aşgabatda tutulan haýwanlary kabul edýän esasy ýer, Çoganlydaky zir-zibili gaýtadan işleýän zawodyň çäginde ýerleşýär. Haýwanlary goraýjylar bu ýeri itler üçin konslager diýip atlandyrýarlar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri haýwanlara rehimsizlik baradaky habarlara resmi taýdan reaksiýa we düşündiriş bermeýärler. Şol bir wagtyň özünde, 26-njy iýulda ýurduň döwlet habar beriş serişdeleri itlere rehimsizligi gadagan edýän "Itleri köpeltmek we kinologiki işler barada" kanunyň tekstini çap etdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Подготовительные работы к летнему сезону начались на пляже Любляна Егорьевска

Студенты Подмосковья отметили день славянской письменности

Предприятия Одинцова нарастили производство товаров на 9,9% за год

Сати Казанова проведет массовую практику Om Сhanting на Первом международном дне медитации

Музыкальные новости

23 МАЯ РОССИЙСКАЯ МЕЖДУНАРОДНАЯ АКАДЕМИЯ ТУРИЗМА ОТМЕТИЛА СВОЙ 55-Й ДЕНЬ РОЖДЕНИЯ. ФОТОРЕПОРТАЖ

Цифра дня: сколько диагнозов поставил ИИ-помощник для врачей от Сбера

Удивительная развязка: борьба за выживание на финише сезона РПЛ не уступает сражению за чемпионство

«ИМЕНЕМ ЗАКОНА»: «СВЯТОЙ ЛЕНИН» ОТМЕНЯЕТ НАЛОГИ С ЗАРПЛАТ НАРОДА!

Новости России

Студенты Подмосковья отметили день славянской письменности

Сати Казанова проведет массовую практику Om Сhanting на Первом международном дне медитации

Редкий обвал цен на рынке вторичной недвижимости прогнозируют в Магнитогорске

Предприятия Одинцова нарастили производство товаров на 9,9% за год

Экология в России и мире

Театр «Модерн» представит спектакль к 130-летию Олдоса Хаксли

Ballet Seasons: новая капсула SELA, вдохновленная миром балета

Количество пользователей-инвесторов на платформе «Атомайз» превысило 72000

Театр кукол Бурятии "Ульгэр": Россия, Культура, Театр, Дети - Спектакль "Курочка ряба"

Спорт в России и мире

Определилась первая соперница Рыбакиной на Ролан Гаррос

Dagospia: Синнер и Калинская вместе поужинали в ресторане в Париже

ATP-250 Open Parc – Lyon. Бублик поборется за выход в финал

Рахимова вышла в полуфинал турнира в Рабате

Moscow.media

В Ленобласти заработали 500 дорожных камер

Мифы и реальность об «автогражданке» для мотоциклов

Московская Пивоваренная Компания перешла на кадровый ЭДО с помощью HRlink

CorpSoft24 синхронизирует учетные записи в облаке











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Предприятия Одинцова нарастили производство товаров на 9,9% за год

Фестиваль красок пройдет в Лобне 1 июня

Студенты Подмосковья отметили день славянской письменности

Массовый сбой произошел в мессенджере Telegram