Türkmenistan we Owganystan “müňlerçe tonna” suwuklandyrylan türkmen gazyny almak barada ylalaşyk baglaşdylar diýip, Khaama Press owgan neşiri habar berýär.
Maglumata görä, Owganystanyň “Talyban” häkimiýetleri bilen türkmen resmileriniň arasynda geçirilen maslahatlaryň netijesinde, Türkmenistandan satyn alynýan gazyň möçberini artdyrmak barada ylalaşylypdyr.
Anyk mukdary aýdyňlaşdyrylmaýan, balon gazy hem atlandyrylýan türkmen gazy Haýratan, Akina we Turgundy geçelgeleri arkaly Owganystana iberiler.
Bakhtar habar gullugynyň, “Talyban” resmilerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, suwuklandyrylan türkmen gazynyň möçberiniň artdyrylmagy bilen, Owganystanda energiýa serişdeleriniň bahalarynyň arzanlamagyna umyt bildirilýär.
Baglaşylan şertnamada göz öňünde tutulan bahalar barada maglumat berilmeýär.