Eger-de Russiýanyň Ukraina garşy sebäpsiz çozuşy has uly möhletli konflikte ýazsa, onda 44 million ilatly Gündogar Ýewropa ýurdunyň halkynyň 30% töwereginiň garyplyk çäginden aşak düşmek howpy bar. Şol bir wagtda, bir ýylyň dowamynda bu görkezijiniň ýene 62% ýokarlanmak ähtimallyklary saklanyp galýar diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) 16-njy martda çap eden hasabatynda bellenilýär.
UNDP-niň ukrain hökümetiniň çaklamalaryna salgylanyp berýän maglumatyna görä, uruş häzire çenli ýurduň ýollar, köprüler, keselhanalar ýaly infrastruktura desgalaryna 100 milliard dollar möçberinde zyýan ýetiripdir. Mundan başga-da, urşuň netijesinde Ukrainadaky biznesiň ýarpysy işini togtadypdyr, galan ýarpysy hem çäkli mümkinçiliklerde iş alyp barýar.
UNDP Ukrainada hereket edýän BMG-niň iň iri edaralarynyň biridir.