Мы в Telegram
Добавить новость

Благоустройство Центрального парка в Лобне завершится в августе

В округе Серпухов объявлен конкурс на капитальный ремонт МБУК ДК «Исток»

Почти 10 жилых домов снесли в районе Ново-Переделкино в рамках реализации программы реновации

Свыше 15 кубометров мусора собрали с берега реки Пехорка в округе Люберцы



World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabadyň hassahanalarynda COVID-19 näsaglary üçin ýörite otaglar döredilýär

Aşgabadyň hassahanalarynda COVID-19 näsaglary üçin ýörite otaglar döredilýär

Türkmen häkimiýetleri ýurduň dürli künjeginde koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çärelerini güýçlendirýän mahaly, paýtagt Aşgabadyň hassahanalarynda COVID-19 näsaglary üçin ýörite otaglar döredilýär. Şeýle-de, hassahanalaryň aglabasynda dürli ugurlar boýunça saglyk bejergisini alýan näsaglar öýlerine iberilýär. Bu ýagdaýlar barada paýtagtly saglyk işgärleriniň ençemesi Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň berdi.

"Koronawirus bilen keselleýän näsaglar eýýäm hassahanalara ýerleşdirilýär. Munuň bilen bagly, häzir paýtagtyň tas ähli keselhanasynda, şol sanda Ýokanç keseller hassahanasynda ýörite otaglar döredilip başlandy. Bularyň käbiri häzirki wagt "garaşýan režimde" bolsa-da, bu otaglary döretmek barada ýokardan resmi däl görkezme gelip gowuşdy" diýip, Aşgabadyň hassahanalarynyň birinde işleýän saglyk işgäri anonimlik şertinde 20-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu görkezmeden we hassahanalara koronawirus näsaglary ýerleşdirilip başlanandan soň, şäheriň keselhanalaryndaky, şol sanda ýokanç keseller hassahanasyndaky syrkawlar öýlerine ugradylyp başlandy.

"Bu syrkawlar dürli saglyk problemalary boýunça hassahanalarda bejergi alýardylar" diýip, saglyk işgäri belledi.

Bu habarlaryň arasynda, paýtagtyň käbir Saglyk öýleri ýaşy 60-dan geçen raýatlara COVID-19-a garşy waksinanyň üçünji dozasynyň ýanwar aýynyň ahyrynda edilip başlanjakdygyny mälim edýär.

Şol bir wagtda, käbir Saglyk öýleriniň ilata dil üsti bilen berýän maglumatynda bu çäräniň martyň başynda amala aşyrylyp başlanjakdygy aýdylýar.

"Ýaňy-ýakynda Saglyk öýleriniň işgärlerine koronawirusa garşy waksinanyň üçünji dozasy edildi" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran saglyk işgäri häzirki wagt ilata gribe garşy waksina etmek işleriniň dowam edýändigini aýtdy.

Türkmenistanda COVID-19-a garşy waksinany etdirmek raýatlar üçin hökmany talapdyr. Ýurtda Russiýada we Hytaýda öndürilen waksinalar resmi taýdan hasaba alyndy we häkimiýetler ilata waksina etmek prosesine 2021-nji ýylyň ýanwarynda girişdi.

Pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda koronawirusyň hasaba alnandygyny resmi taýdan ykrar etmeýän türkmen häkimiýetleri ilatyň näçe göterimine waksina edilendigi baradaky sanlary hem aç-açan yglan etmeýär.

Azatlygyň habarçylary şu ýylyň ilkinji günlerinden başlap saglyk işgärlerine, polisiýa wekillerine, aeroportlaryň we başga-da birnäçe edaranyň işgärlerine COVID-19 sanjymynyň ýene bir dozasynyň edilendigini habar berdiler. Lebapdaky habarçymyz indi waksinanyň üçünji dozasynyň mekdep mugallymlarynyň we çagalar baglarynyň işgärleriniň almagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Bu habarlaryň arasynda, Türkmenistan wirusyň ýaýramagyna garşy karantin çäklendirmelerini güýçlendirip, 15-nji ýanwarda ýene bir gulplama girizdi. Ýurtda bazarlar, söwda merkezleri, hyzmat ediş kärhanalary, dynç alyş we tomaşa desgalary ýapyldy.

Mary welaýatyndaky habarçymyzyň 19-njy ýanwarda beren maglumatyna görä, ýol polisiýasy ulag sürüjilerinden adaty dokument barlagyndan daşary COVID-19 testiniň netijesini hem talap edip başlady. Test görkezmezden, ýoluňy dowam etdirmäge rugsat berilmeýär.

Türkmen häkimiýetleri gulplama, munuň bilen bagly görülýän çäreler, şol sanda ýapylan iş ýerleri we bularyň ilata ýetirýän täsirleri barada pandemiýanyň başyndan bäri ýeke gezek-de aç-açan beýanat bilen çykyş etmedi.

Ýurtda karantin çäklendirmeleriniň nobatdaky gezek güýçlendirilmegi, paýtagtyň we sebitleriň saglygy saklaýyş işgärleriniň COVID-19 hadysalarynyň ýene-de köpelýändigini gizlinlik şertlerinde gürrüň beren mahalyna gabat geldi.

Bu aralykda, Aşgabatdaky beýleki bir habarçymyz karantin çäklendirmeleriniň orta mekdeplerde hem güýçlendirilýändigini habar berýär. Onuň sözlerine görä, okuwçylardan lukmançylyk kömegi üçin gapyrjaklary ýene öz ýanlary bilen getirmek talap edilýär.

"Gapyrjakda iki sany maska, okselin mazy, el üçin dezinfeksiýa suwuklygy, gulak arassalamak üçin niýetlenen, ujy pagtaly çöpler we şuňa meňzeş zatlar bolmaly. Bulary satyn almak ene-atalara 50 manada düşýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran paýtagtly ene 20-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde şahsy kömek gapyrjaklary ýurtda koronawirus keseliniň köpelmeginiň fonunda, 2020-nji ýylda girizilipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

О проведении «Российской студенческой весны» расскажут 7 июня в РИЦ Ставрополья

МИД Киргизии попросил объективно расследовать ситуацию с таксистом в Москве

В Кемерове будут судить 34-летнего иностранца, расстрелявшего двух человек в кафе

Собянин поддержал проведение BRICS+ Fashion Summit

Музыкальные новости

Путин назвал приезд президента Зимбабве знаком интереса Африки к России

Глава "Рексофт" - в топ-100 отечественных ИТ-лидеров

Антисанитария в службах доставки: токсиколог Кутушов рассказал, почему опасно заказывать еду

Погружение в современное российское искусство – стартовал 3-ий фестиваль «Территория. Красноярск»

Новости России

Подросток на питбайке погиб в ДТП на Калужском шоссе в Москве

Фигуристка Агата Кисель из Химок победила на областных соревнованиях

Магазин сантехники загорелся на 1200 "квадратах" в Якутске

Проект проходящей через Нижний Новгород ВСМ представили на ПМЭФ

Экология в России и мире

Как избежать больших проблем при одиночном путешествии: туристкам дали важные советы по безопасности

Скидки на звуковые щетки и зубную пасту для детей от компании "Ревилайн" до 6 июня 2024 года

Областная наркологическая больница запускает летнюю профилактическую кампанию для юных свердловчан

С чем носить юбку этим летом: примеры стильных образов

Спорт в России и мире

«Он никогда не снимается с турниров». Циципас прокомментировал травму Джоковича

Джокович снялся с Открытого чемпионата Франции по теннису

«Янника Синнера очень рано сравнивать с Роджером Федерером» // Тренер мужской сборной России по теннису Игорь Куницын — о главных событиях Roland Garros

Теннисист Джокович побил рекорд Федерера по победам на турнирах "Большого шлема"

Moscow.media

Игровое кресло Bloody GC-670 настроено на победу

Мобилизованного свердловчанина приговорили к 23 годам "строгача" за подрыв гранаты в казарме

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: С начала года более 4,7 тысячи жителей Московского региона оформили страховую пенсию в автоматическом режиме на портале госуслуг

Слушатель из Смоленска выиграл на «Авторадио» «Москвич 3»











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Подросток на питбайке погиб в ДТП на Калужском шоссе в Москве

Проект проходящей через Нижний Новгород ВСМ представили на ПМЭФ

Магазин сантехники загорелся на 1200 "квадратах" в Якутске

Русский «Оппенгеймер» с Чурсиным: о чем сериал «Атом», когда выйдет, актеры