Мы в Telegram
Добавить новость

Shot: состояние актрисы Заворотнюк резко ухудшилось две недели назад

Современную детскую площадку открыли в деревне Дубнево

Как вывести никотин из легких?

Получилось ConocoPhillips купит Marathon Oil с оценкой на уровне 22,5 млрд долл. США с учетом долга

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Esgerler açlyk çekýärler, harby ýolbaşçylar bolsa, gazanç üçin täze ýollary gözleýärler

Esgerler açlyk çekýärler, harby ýolbaşçylar bolsa, gazanç üçin täze ýollary gözleýärler

Azatlyk Radiosynyň habarçylaryň we çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň harby bölümlerinde azyk ýetmezçiligi hasam güýçlenipdir. Esgerleriň iýmitiniň hili we mukdary pese düşüpdir. Pandemiýa sebäpli ýurtda girizilen çäklendirmeler ene-atalaryň esgerleriň yzyndan barmagyny düýpgöter azaldýar, esgerler köplenç aç galýar.

Aşgabatdaky ygtybarly çeşmelerimiz Ak-Depede ýerleşýän "Falanga-1" we Büzmeýinde ýerleşýän "Falanga-2" atly gizlin harby bölümlerinde-de esgerleriň sözüň hakyky manysynda açlyk çekýändigini gürrüň berdi. Ol esgerleriň iýmitiň diňe şugundyr, käşir we ýarma atylan çorbadan ybaratdygy, mundan başga zatlaryň seýrek bolýandygyny belledi.

Çeşmäniň sözlerine görä, esgerlere sabyn we diş ýuwmak üçin pasta ýaly arassaçylyk önümler berilmeýär.

"Ozal beýleki etraplardan ene-atalar gelip, getirýärdi, ýöne karantin ene-atalaryň berjaý edýän 'üpjünçiligi' hem kesdi. Esgerleriň içki eşikleri-de köne hem ýyrtyk" diýip adynyň agzalmazlyk şerti bilen gürleşen çeşme aýdy.

Azatlygyň habarçylary käbir harby bölümlerde iýmitiň beýlekilere garanda has ganymat hasaplanýandygyny habar berýärler we esgerler üçin taýýarlanýan naharlara belli bir derejede etli önümleriň goşulýandygyny aýdýarlar.

Hususan-da, Türkmenbaşyda esgerler üçin çorba kämahal "towuk aýaklaryny dyrnaklary bilen bilelikde" goşýarlar diýip, habarçymyz aýdýar.

Ene-atalaryň ýaragly güýçlerde gulluk edýän ogullaryna iýmit eltmek üçin saparlary Türkmenistanda adaty bir zat hasaplanýar, esgerler ene-atalaryna azyk getirmegi ýa-da komandirleriň telefon hasaplaryna pul geçirmegi sorap, ýüzlenmäge mejbur bolýarlar.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli ýurduň hökümeti tarapyndan ilatyň hereketine girizilen çäklendirmeleriň çäginde ene-atalar harby bölümlere, öz perzentlerini goldamak üçin baryp görmek mümkinçiliginden mahrum boldular.

Azatlygyň habarçylarynyň belleýşi ýaly, ýollar açylan ýagdaýynda-da indi ene-atalaryň köpüsinde syýahat etmäge we çagalaryna zerur zatlary alyp barmaga maddy mümkinçiligi ýok. Durmuş-ykdysady ýagdaýlaryň agyrlaşmagy, ýurduň ilatynyň aglaba köpçüliginiň ýaşaýyş derejesiniň düýpgöter peselmegine sebäp boldy.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda ne koronawirusyň bardygyny, ne-de ilatyň kynçylyklaryny, şol sanda goşundaky problemalary ykrar edýär. Ýurduň ýolbaşçylary goşuna we harby işgärlere maddy goldaw meselesini döwletiň ileri tutýandygyny yglan etmegini dowam etdirýärler. Şol bir wagtyň özünde, döwlet habar beriş serişdeleri harbylaryň ýurduň azyk üpjünçiligine goşant goşýandygyny gazanylan üstünlik hökmünde habar berýärler.

Ýurduň harby we howpsuzlyk gurluşlarynyň agzalary maldarçylyk, guşlary hem itleri köpeltmek we bagbançylyk pudagynda işleýärler, teplisalarda dürli miwe we gök önümleri ösdürip ýetişdirýärler. Harby gulluga alynýanlar pagta, derman ösümliklerini we pisse ýygmak işlerine yzygiderli çekilýärler.

Bu aralykda, garaşsyz habar beriş serişdeleri ýurduň ýaragly güýçlerinde korrupsiýa degişli täze ýagdaýlar barada habar berýärler.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň maglumatyna görä, prezidentiň kakasy Mýalikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän Içeri işler ministrliginiň 1001-nji Mary harby bölüminiň ofiserleri esgerleri harby ulaglar üçin bölünip berlen ýangyç önümlerini satmaga mejbur edýärler. Benzin, solýarka we motor ýagy tehniki hem sanitariýa hyzmatlarynyň ulaglarynda, şeýle-de çörek we esger daşaýan uly awtoulaglarda esgerler tarapyndan şähere eltilip satylýar.

Her bir sürüji günde 30-40 manada benzin, dizel ýangyjyny ýa-da motor ýagyny satmaly we bu puly ofisere getirmeli, ýogsa olara tussag edilmek haýbaty atylýar we öz jübüsinden "kompensasiýa" tölemäge mejbur edilýär. Benziniň 15 litri 20 manada satylýar diýlip, maglumatda aýdylýar.

"Türkmenistanyň Hronikasy" ýangyç satmakdan başga-da ofiserleriň esgerleriň hasabyna pul gazanmagyň başga bir usulyny ulanýandygyny, olara garyndaşlary bilen öz jübi telefonynda gürleşmäge mümkinçilik döredýändigini habar berýär. Bäş minutlyk söhbetdeşligiň bahasy 15 manat. Resmi taýdan esgerlere bölümiň çäginde telefon ulanmak gadagan edilýär. Baýramçylyklarda esgerler komandirlerine we olaryň aýallaryna sowgat bermeli bolýarlar.

Şeýle-de, neşir Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby lukmançylyk gullugyna salgylanyp, harby işgärleriň 3% -ine koronawirusa garşy waksina edilendigini habar berýär.

Sanjymlar Goranmak ministrliginiň we Serhet goşunlarynyň merkezi hassahanalarynda geçirilýär. Waksina alanlaryň arasynda goşunyň harby ýolbaşçylary, ministrligiň işgärleri, paýtagtda we onuň töwereginde ýerleşýän harby bölümleriň ofiserleri bar. Harby gullukdaky esgerlere entek waksina edilmedi diýlip, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň maglumatynda aýdylýar.

Ýanwar aýynda Türkmenistan Orsýetde öndürilen iki waksinany hasaba aldy we fewralda ilatyň käbir gatlaklaryna sanjym edip başlandy.

 

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Baza: прощание с Анастасией Заворотнюк может пройти в театре имени Табакова

Чемпионат по игре «Камень, ножницы, бумага» пройдет в Москве

Получилось ConocoPhillips купит Marathon Oil с оценкой на уровне 22,5 млрд долл. США с учетом долга

Дмитрий Артюхов представил президенту предложения регионов по нацпроекту «Молодёжь и дети»

Музыкальные новости

ЦСКА разорвал дистанцию // Армейцы увеличили преимущество в финальной серии Единой лиги ВТБ

Эксперт сенсационно раскрыл загадку Мессинга и Жириновского.

Впервые Бурятский театр оперы и балета выступит с концертом в храме Кяхты

«Адвокат Валиевой: ей подсыпали допинг и сделал дедушка». Серьёзное расследование.

Новости России

Показ мод и фестиваль красок пройдут в Видном ко Дню защиты детей

Парковку на 150 машино-мест обустроят у мечети в Звенигороде

Сергунина: крупнейшей площадкой празднования Дня защиты детей станет ВДНХ

Песков рассказал о подготовке визита Путина в Северную Корею

Экология в России и мире

Компания ICDMC приняла участие в торжественном открытии выставки “Тульское качество”

Компания ICDMC приняла участие в торжественном открытии выставки “Тульское качество”

Ярко и стильно: самые интересные цветовые сочетания на лето

ONYX отправляется в Большой тур по России

Спорт в России и мире

Белорусские теннисистки проведут стартовые встречи открытого чемпионата Франции

Арина Соболенко повторила уникальное достижение Азаренко на турнирах «Большого шлема»

Российский теннисист Сафиуллин опустился на две позиции в рейтинге ATP

Мирра Андреева вышла во второй круг Открытого чемпионата Франции

Moscow.media

Рождественское утро...

Эксперт по семейному капиталу Светлана Петрова: как быстро накопить на авто

Деснол объединил опыт экспертов и производителей в рамках конференции «Эффективное производство 4.0»

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Shot: состояние актрисы Заворотнюк резко ухудшилось две недели назад

Mash на Мойке: тела двух студентов нашли в квартире в Петербурге

Современную детскую площадку открыли в деревне Дубнево

Дмитрий Артюхов представил президенту предложения регионов по нацпроекту «Молодёжь и дети»