Türk aklawçysy Ebru Timtik 238 gün dowam eden açlyk protestinden soň, 43 ýaşynda Stambuldaky keselhanada aradan çykdy.
Ol terrorçylyk aýyplamalary esasynda höküm çykarylan kärdeşleri we özi üçin adalatly sud seljermeleriniň geçirilmegini talap etdi diýip, “Associated Press” Timtigiň agzasy bolan progressiw aklawçylar birleşigine salgylanyp habar berýär.
Ebru Timtik adam hukuklaryny goramagy hünär edindi we özüniň 17 kärdeşi bilen bilelikde radikal çepçi gurama, “Rewolýusion halk azat ediş partiýa-fronty” bilen baglanyşykly bolmakda aýyplandy. Bu gurama Türkiýede, ABŞ-da we ÝB-de terrorçy gurama diýlip ykrar edildi.
Ol 2019-njy ýylyň mart aýynda 13 ýarym ýyl azatlykdan mahrum edildi we häzir onuň işine şikaýat sudunda seredilýär.
Timtik fewral aýynda kärdeşi Aýtaçe Unsal bilen açlyk yglan etdi, Unsal häzir häzir agyr halda ýatyr. Iýul aýynda mundan beýläk tussaglykda saklanyp bilinmejekdigi barada gelnen lukmançylyk kararyna garamazdan, suda olary boşatmakdan ýüz öwürdi.
Halkara fransuz radiosynyň aklawçylaryň hukuklaryny goraýan “Aklawçylar üçin aklawçylar” guramasynyň wekili Irma wan den Berge salgylanyp habar bermegine görä, Türkiýede 1500-den gowrak aklawçy ýanamalara sezewar edildi, olaryň 605 sanysy tussag edildi we 441 adam terror guramasyna degişli bolmakda ýa-da terror propagandasyny ýaýratmakda aýyplanyp, azatlykdan mahrum edildi. Ol ýagdaýyň ,2016-njy ýylyň iýul aýynda Türkiýede bolan döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soň has-da erbetleşendigini aýtdy.