Добавить новость

Подмосковный Роспотребнадзор напомнил о симптомах и профилактике ботулизма

Строительство гандбольного центра в Саратове согласовано на федеральном уровне: где он должен появиться

Круиз по Волге: Неповторимые пейзажи и города

В России одобрено исключение ОСАГО из списка обязательных документов при регистрации авто

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

COVID-19: Aşgabada gitjek studentler karantinde saklanýar; Hereket çäklendirmeleri korrupsiýa ýol açýar

COVID-19: Aşgabada gitjek studentler karantinde saklanýar; Hereket çäklendirmeleri korrupsiýa ýol açýar

Türkmen häkimiýetleriniň ýurtda koronawirus bilen bagly ýeke ýagdaýyň hem ýüze çykarylmandygyny öňe sürýän pursady, Lebapda Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynda okamaga gitjek studentlerde COVID-19 barlagy geçirilýär we olar karantinde saklanylýar.  Aşgabatda okuw ýylynyň öňýany mekdep okuwçylaryndan saglyk kepilnamasy talap edilýär. Bu aralykda, koronawirus aladalarynyň fonunda welaýatlaryň arasyndaky ulag we otly gatnawlarynyň çäklendirilmegi bilen, paýtagta gelmekçi bolýan ýolagçylar üçin sowa, bikanun ýollar hödürlenýär.

“Türkmenabatdan Aşgabadyň ýokary okuw jaýlaryna gitmeli studentlerde ilki COVID-19 barlagy geçirilýär we soňy bilen olar şäheriň 23-nji mekdebinde iki günlük karantine ýerleşdirilýär. Mekdep häzir karantin zonasyna öwrüldi, onuň daş-töweregine polisiýa we howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri gözegçilik edýär” diýip, Lebapdaky çeşmelerimiziň biri 27-nji awgustda maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, şeýle-de Azatlygyň habarçylarynyň tassyklaýyşy ýaly, welaýatlardan gelýän studentler Aşgabatda hem 14 gün karantinde saklanarlar.

Ýatlatsak, Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan ýa-da şu ýyl okuwa giren studentlerde geçirilýän barlaglarda COVID-19 bilen kesellän ýaşlaryň hem ýüze çykarylandygy barada maglumatlar gowşupdy.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysynyň mundan iki hepde ozal beren maglumatyna görä, koronawirus bilen kesellänler 3-4-nji kursda okaýan studentler bolup, olaryň arasynda gyzlar we oglanlar bar.

Şol pursat habarçy COVID-19 barlaglarynyň netijesi pozitiw çykan studentleriň jemi sanynyň 16-a ýetendigini aýdyp, entek barlagdan geçmedik studentleriň sanynyň has köpdügini hem belläpdi.

Şol bir wagtda, barlag netijeleri negatiw çykan studentler otlyda, her kupede ikiden oturdylyp Aşgabada ugradylar.

Bu aralykda, ýurtda transport çäklendirmeleriniň dowam edýän pursady, şeýle-de türkmen häkimiýetleriniň paýtagta gelmekçi bolýan beýleki welaýatlaryň ýaşaýjylardan saglyk resminamasyny talap etmegi, köp raýatlaryň hem bulary wagtynda alyp bilmezligi korrupsiýa shemalarynyň döremegine getirdi.

 

“Demir ýol işgärleri Türkmenabat-Aşgabat aralygyndaky otlularynda boş ýer tapyp bereni üçin her adamdan 200 manat, eger-de ýolagçyda saglyk kepilnamasy bolmasa, onda ýene goşmaça 200 manat alýarlar. Olary otly wagonlarynda gizläp äkidýärler” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan lebaply çeşmelerimiziň biri gürrüň berdi.

Bu ýagdaýlar dogrusynda Lebap welaýatynyň häkimliginden we beýleki degişli edaralaryndan, şol sanda “Türkmendemirýollary" agentliginden maglumat almak başartmady.

Bellemeli ýeri, Azatlygyň habarçylary ozal-da Türkmenistanyň dürli künjegindäki ýaşaýjylaryň, transport çäklendirmeleriniň fonunda, ýurduň beýleki künjeklerine aşmak üçin bikanun hem-de howply ýollary saýlap almaga mejbur bolýandyklary barada maglumat beripdi.

Habarçylarymyz raýatlaryň transportuň bu usullaryny saýlap almagyna karantin çäklendirmeleriniň, şeýle-de ykdysady kynçylyklar bilen bagly maşgalalaryň güzeran eklenjiniň has-da agyrlaşmagynyň sebäp bolýandygyny aýdypdylar.

Bu aralykda, Mary welaýatynda esasy ýollaryň ugrundaky hereket hasam çäklendirildi. Munuň ýaşaýjylaryň sebitdäki bazarlarda üýşmeginiň öňüni almak maskady bilen edilendigi aýdylýar.

“Maryda bazarlaryň aglabasy ýapyk bolsa-da, söwdegärler ulaglary bilen bazarlaryň golaýynda durup azyk we gök-bakja önümleri, mekdep esbaplary ýaly harytlary satýardylar. Häkimiýetler ilatyň bazara barmagyny böwetlemek üçin, bazar wagty, ýagny irden sagat 07:00-den öýlän sagat 14:00-e çenli ýollary ýapýar. Mundan başga-da, polisiýa bazarlaryň golaýynda ýygnanan söwdegärleri sebitden kowýar we olara jerime ýazýar” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan baýramalyly habarçymyz 27-nji awgustda gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri global pandemiýa bilen baglanyşykly ilatyň gündelik durmuşyna täsir ýetirýän karantin çärelerini girizse-de, bularyň adamlaryň eklenjine ýetirýän täsirleri barada maglumat bermeýär. Mundan başga-da, pandemiýa döwri türkmen häkimiýetleriniň onsuz hem ýiti ykdysady krizisden, maliýe ýetmezçiliginden, azyk harytlarynyň gytçylygyndan kösenýän ilaty goldamak üçin nähilidir bir çäre görýändigi barada maglumat ýok.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Следствие зашло на «Кухню на районе» // Массовые отравления будет расследовать центральный аппарат СКР

Мэр Москвы рассказал о строительстве дорог на северо-востоке Москвы

Парк Мира в Мытищах посетили 44 тыс человек за неделю

Роспотребнадзор: выявлены производители продукции, вызвавшей вспышку ботулизма

Музыкальные новости

Звезды оперной сцены представят I Международный фестиваль «Мир классического романса»!

В Пулково задерживаются шесть рейсов

Группа Metallica даст виртуальный концерт в Fortnite 22 июня

«Волшебные башмачки Элли» - эта постановка создана по мотивам знаменитой сказки Александра Волкова «Волшебник Изумрудного города» - Театр и Цирк, Культура и Концерт, Россия и Дети

Новости России

Роспотребнадзор: выявлены производители продукции, вызвавшей вспышку ботулизма

Спасатель Щетинин: если вас затягивает в воду, необходимо пытаться двигаться вдоль берега

Более 6 тысяч подростков нашли подработку на лето в Подмосковье

Мэр Москвы рассказал о строительстве дорог на северо-востоке Москвы

Экология в России и мире

Кинопродюсер.

Международная марка «Ревилайн» анонсировала новые мануальные зубные щетки S 6000 в волгоградском филиале

Магазин "Стильпарк" в новой концепции открылся в Москве

Сказка театра Ульгэр в Бурятии «Волшебный платок бабушки Дари» - это захватывающее путешествие в мир волшебства - Театр и Цирк, Культура и Концерт, Россия и Дети:

Спорт в России и мире

Людмила Самсонова не отдала голландскую траву // Она продолжила серию российских побед на теннисном турнире в Хертогенбосе

Лучший теннисист Казахстана узнал позицию в обновленном рейтинге ATP

Теннисисты Рублев, Хачанов и Самсонова не сыграют на Олимпиаде-2024

Теннисистка Самсонова вышла в финал турнира в Хертогенбосхе

Moscow.media

Мобильный принтер этикеток iMove T3Pro - лёгкий, производительный, компактный

Башенный комплекс "Ний" (Ингушетия)

Портативный сканер штрих-кодов Heroje C1271 промышленного класса

Росгвардейцы обеспечили охрану общественного порядка в День поселка Вербилки











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Терапия доброй лапой. Как домашние питомцы решают проблемы особенных детей

Круиз по Волге: Неповторимые пейзажи и города

Мэр Москвы рассказал о строительстве дорог на северо-востоке Москвы

В России одобрено исключение ОСАГО из списка обязательных документов при регистрации авто