Мы в Telegram
Добавить новость

Давайте вместе сравним 9 советских колбас с российскими

РБК: в Москве из-за случаев ботулизма приостановили продажу некоторых продуктов

Через десять лет все опять заговорят про кибернетику

Подмосковье подписало соглашение о популяризации раздельного сбора отходов

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabatda saglyk resminamalary we koronawirus testi talap edilýär, Daşoguzda maskalar ýetmezçilik edýär

Aşgabatda saglyk resminamalary we koronawirus testi talap edilýär, Daşoguzda maskalar ýetmezçilik edýär

Okuw ýyly başlamazdan ozal Aşgabadyň mekdepleri okuwçylardan saglyk resminamasyny talap edýärler, paýtagta barmak üçin hem resminamalar we koronawirus testi soralýar. Bu aralykda Daşoguzda maska ýetmezçiligi döredi. Türkmenabatda COVID-19 pandemiýasy sebäpli howa gatnawynyň çäklendirilen şertlerinde türkmen raýatlary ýurda dolanyp başlaýar, daşary ýurtlular Türkmenistandan gaýdýar.

"55-nji mekdepde ene-atalara 1-nji sentýabrda poliklinikadan saglyk resminamasyny getirmek tabşyryldy" - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 25-nji awgustda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, beýleki mekdeplerde hem saglyk resminamasyny getirmek talap edilipdir. Bu talap, hemişeki ýaly diňe birinji synp okuwçylaryna däl, eýsem ähli okuwçylara-da degişli edilipdir. Mundan başga-da, ozal birinji synp okuwçylary şahadatnama almak üçin awgust aýynyň dowamynda lukmanlara ýüz tutup resminama taýýarlan bolsalar, indi sprawka 25-nji awgustdan soň alynmaly. Bu ýagdaý poliklinikalarda çagalaryň keselhanalara köpçülikleýin barmagyny göz öňünde tutýar we häzirki COVID-19 alamatly keseliň ýüze çykan wagtynda ýokaşma töwekgelçiligini döredýär.

Şol bir wagtyň özünde, türkmen häkimiýetleri COVID-19 alamatly keseliň giň ýaýramagyna we ölüm derejesiniň ýokarlanmagyna garamazdan, ýurtda CODID-19 keseliniň hasaba alynmandygyny aýdýarlar.

 

Azatlyga gowuşýan maglumatlar, şol sanda Türkmenistanyň saglyk edaralarynda edilen rentgen we kompýuter barlaglarynyň netijeleri ýurtda köpçülikleýin ýaýran bu keseliň öýkene agyr täsir edýändigini we ölüme sebäp bolup bilýändigini görkezýär.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, mekdep okuwçylarynyň saglyk resminamasyny getirmegine degişli täze talap esasan paýtagtda ulanylýar, başga ýerlerde, hususan-da Daşoguzda resminama talap edilmeýär.

Emma demirgazyk welaýatynda, täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda maska ýetmezçiligi we okuw esbaplaryny satyn almakda kynçylyklar ýüze çykdy: "Ene-atalar çagalary üçin maska satyn alyp bilmeýärler, olar dermanhanalarda ýok. Derman serişdeleri üçin nobatlar gaty köp. Adamlarda okuw esbaplary üçin pul ýok. Bazarlar ýapyk, hiç kim öz önümlerini satyp bilmeýär. Aşgabatdaky bankomatlarda pul peýda bolan bolsa, Daşoguzda ýok"- diýip, habarçymyz Daşoguzdaky soňky ýagdaýlar barada 25-nji awgustda gürrüň berdi.

 

Şu günler Aşgabadyň dermanhanalarynda maskalar bar. 5 sany maska 5 manatdan satylýar. Şeýle-de, 20 sany maskany 20 manatdan satyn alyp bolýar, emma onuň gapdalyndan "Analgin" ýa-da "Aspirin" ýaly beýleki dermanlary 10 manada satyn almaly bolýar. Bu barada habarçymyz gürrüň berýär: "Adamlar ony alýarlar, täze partiýanyň dermanhana getirilmegine garaşýarlar we derrew satyn alýarlar".

Şu günler saglyk resminamasy ýurduň içinde hereket etmek üçin hem zerur. Şeýle-de bolsa, Aşgabat şäherine barmak üçin saglyk resminamasy we koronawirus barlagy zerur hasaplanýarka, ýurduň beýleki ýerlerine barmak üçin hökman däl.

"Aşgabatdan beýleki welaýatlara barmak üçin resminama we sprawka soramaýarlar, ýöne Aşgabada barmak üçin sanepidemstansiýada 100 manat töläp testden geçmeli" - diýip habarçymyz aýdýar.

Ilatyň ýurduň içinde hereket etmegine degişli çäklendirmeler mart aýynyň ikinji ýarymynda girizilipdi, şondan bäri talaplar üýtgäp durýar. Mundan başga-da, ýurtda demirýol we awtoulag gatnawy babatynda transport çäklendirmeleri saklanýar.

 

Soňky günlerde pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlaryň Türkmenistana getirilmegi dowam etdirýärler. Türkmenabatdaky habarçymyzyň sözlerine görä, ýakyn günlerde Sankt-Peterburgdan, Moskwadan we Dubaýdan uçarlaryň gelmegine garaşylýar.

Global koronawirus pandemiýasy sebäpli 17-nji martdan bäri beýleki ýurtlar bilen howa gatnawyny bes eden Türkmenistan 22-nji awgustda öz raýatlaryny Hindistandan we Belarusdan getirip başlady. Gelýän ýolagçylar Türkmenabatdaky ýokanç keseller hassahanasynyň golaýyndaky çadyr düşelgesinde karantine salynýar. Ekipaž agzalary karantine köpugurly hassahanada ýerleşdirilýär.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, bir gün öň Türkmenabadyň etegindäki ýokanç keseller hassahanasynda çadyr karantini giňeldilip, bu ýerde 1000 adamlyk ýer taýýarlanypdyr, daşyna demir haýat dikilipdir: "Indi ol ýere öňküsi ýaly baryp bolmaýar. Töweregine perimetr boýunça demir haýat dikildi".

Azatlygyň çeşmelerine görä, daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçarlary ýurda barýarlar we Türkmenistanda galan daşary ýurtlulary ýurtdan çykarmagyny dowam etdirýärler.

"Şu gün Orsýetden başga bir uçar uçdy. Irden 8:15-de Türkmenabat howa menziline gondy. Uçarda 26 adam bardy. Olaryň arasynda diplomat we daşary ýurt kompaniýalarynyň işgärleri bardy. Uçar Orsýetiňkidi. Gelenler aeroportda galdylar we uçar derrew yzyna gaýtdy" - diýip, Azatlygyň çeşmeleriniň biri 25-nji awgustda habar berdi.

Mundan başga-da, Azatlyga mälim bolşuna görä, 25-nji awgustda Orsýetiň uçary, şol gün irden 5-de Aşgabatdan Türkmenabada uçarly baran orsýet raýatlaryny ir sagt 9 töwereginde Orsýete alyp gidipdir.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Синоптик Вильфанд пообещал москвичам комфортную погоду без осадков на выходных

Вячеслав Федорищев поздравил 16-миллионного гостя выставки "Россия"

РБК: в Москве из-за случаев ботулизма приостановили продажу некоторых продуктов

Подмосковье подписало соглашение о популяризации раздельного сбора отходов

Музыкальные новости

Путин обратился с приветствием к участникам Спортивных игр стран БРИКС

«Магнит» планирует строительство нового склада в Ленобласти

Анна Asti и Дима Билан стали лучшими исполнителями по версии премии МУЗ-ТВ

В «Институте регионального развития» при Уральской ТПП прошел семинар «Возможности оптимизации налогов для производства и налоговые риски»

Новости России

Электрогрузовики, канатные дороги и другой транспорт производят в ОЭЗ «Технополис Москва»

Подмосковье подписало соглашение о популяризации раздельного сбора отходов

«Чемпионат»: Тикнизян станет игроком «Зенита», «Локо» получит Сергеева и Коваленко

В Москве приостановили продажу еды, которая могла стать причиной ботулизма

Экология в России и мире

Сэкономить и оторваться с Angsana Velavaru

Социальные и ESG-проекты ГПМ Радио названы лучшими в России

Магазин "Стильпарк" в новой концепции открылся в Москве

Курорт «Горячинск» поддерживает «Балет на Байкале. Бурятия»

Спорт в России и мире

Российские теннисисты выступят на Олимпиаде в Париже

Рублёв пропустит Олимпийские игры в Париже

«Наконец-то всё началось». Борис Беккер побывал на матче открытия Евро-2024

Хачанов вылетел с турнира ATP в Хертогенбосхе после первого же матча

Moscow.media

Жители Екатеринбурга в День России вывесили баннеры против точечной застройки

Прощайте, я от вас улетаю

Молодые специалисты «Газпромнефть - Битумные материалы» продемонстрировали эффективное решение в финале «CASE-IN»

Утро нового лета....











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Дедолларизация неизбежна, но есть нюанс: Назван срок окончательного избавления от американской валюты

В Москве приостановили продажу ряда продуктов из-за подозрения на ботулизм

Подмосковье подписало соглашение о популяризации раздельного сбора отходов

Вячеслав Федорищев поздравил 16-миллионного гостя выставки "Россия"