Добавить новость

Свыше 150 произведений представили в Пушкинском музее на выставке о Риме

Воспитанники клуба «Каникулы в Молодежке» побывали на сыроварне и в Доме вкусных историй

Число заболевших ботулизмом нижегородцев возросло до 12

Что известно о новых заместителях министра обороны РФ Андрея Белоусова



World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Protestden soň Mary şäherindäki bankomatlaryň öňünde nobatlar azaldy, etraplarda köpeldi

Protestden soň Mary şäherindäki bankomatlaryň öňünde nobatlar azaldy, etraplarda köpeldi

Maryda ýüzlerçe adam, häkimiýetleriň pul nagtlaşdyrmak boýunça girizen nobatdaky çäklendirme-düzgünlerine närazylyk bildirip, protest çäresini geçirenden soň, şäherdäki bankomatlaryň öňünde nobata durýan adamlaryň sany göz-görtele azaldy. Marynyň etraplarynda bolsa, häkimiýetler kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmak isleýän ýaşaýjylardan ýörite talon almagy talap edýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň biri 14-nji awgustda gürrüň berdi.

Ýatlatsak, 12-nji awgustda öýlän sagat 13:00 töwereginden soň, Marynyň ‘Senagat’ we ‘Daýhanbank’ banklarynyň işgärleri kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyrmak üçin nobata duran ýüzlerçe adamyň öňüne çykyp, mundan beýläk beýleki etraplardan gelen ýaşaýjylaryň diňe sebitlerindäki degişli banklaryndan pullaryny alyp biljekdiklerini yglan etdiler.

Azatlygyň habarçysy, bank işgärleriniň bildirişinden soň, ýüzlerçe adamyň şäheriň merkezi ‘Mollanepes’ köçesini baglap, pul nagtlaşdyrmakdaky meseleler çözülmese, sebiti terk etmejekdiklerini aýdandygyny gürrüň berdi. Sebite gelen resmiler we howpsuzlyk güýçleri adamlary ‘jenaýat işleriniň gozgalmagy, iş ýerlerinden kowulmagy’ bilen gorkuzyp, olara haýbat atdylar we käbir adamlary tussag etdiler. Soňra adamlar durmagynda hiç hili peýdanyň ýokdugyny aýdyp, lapykeç bolup öýlerine gaýtdylar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy 14-nji awgustda irden Mary şäherindäki banklaryň öňünde, ýagny bankomatlaryň ýerleşýän ýerinde öňkülerden tapawutlylykda adamlaryň sanynyň gaty azdygyny aýtdy.

"Her bankyň öňünde 40-50 töweregi adam bar. 12-nji awgustda "Türkmenistan" we "Daýhanbank" banklarynyň öňünde nobata duran adamlaryň sany 1000-den geçýärdi. Bu adamlar bir gün öňünden sagat 18:00 töweregi gelip, nobat belleýärdiler. Şu gün diňe "Türkmenistan" we "Garagum" banklarynda pul bar" diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözüne görä, "Türkmenistan" bankyndaky bankomatlardan şäheriň we Mary etrabynyň ýaşaýjylarynyň pul nagtlaşdyrmagyna rugsat berilýär. "Garagum" bankynyň bankomatlaryndan diňe pensionerler we mümkinçiligi çäkli adamlar pullaryny alyp bilýärler.

"Täze düzgünleri bilmän, çetki obalardan gelýän adamlara nobatda duran adamlaryň özleri aýdyp, öňünden duýdurýarlar. Bilmeýän adam gaty köp, onlarça adam gelip yzyna gaýdýar" diýip, habarçy aýtdy.

Mary şäherindäki bankomatlaryň öňünde nobatlar azalan mahaly, welaýatyň etraplaryndaky bankomatlaryň öňünde adamlaryň sany köpelýär. Munuň bilen bir wagtda, etrap häkimiýetleri kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmak isleýän ýaşaýjylardan ýörite talon almagy talap edýärler.

"Adamlar indi öňünden özlerine degişli banka baryp, nobat talonyny almaly. Talon almak üçin hökman pasport bolmaly. Talony alanyňdan soň, haýsy günde we sagatda baryp, kartyňdaky puly nagtlaşdyryp biljekdigiňi aýdýarlar. Başga etrapdan gelip, beýleki bir etrapdan talon almakçy bolsaň, talon berilmeýär" diýip, habarçy belledi.

Onuň aýtmagyna görä, bu talonlary Baýramaly, Türkmengala, Ýolöten, Wekilbazar, Peşanaly, Sakarçäge we Oguzhan etraplaryndaky "Halkbankyň" şahamçalary paýlaýar.

"Etraplarda talon arkaly pul nagtlaşdyrmak düzgüni öň ýokdy, täze girizildi. Bu düzgün 12- nji awgustda mälim edildi we 13-nji awgustda irden talon paýlanyp başlandy" diýip, habarçy belledi.

Habarçy täze düzgüniň girizilmeginiň yzýany, etraplardaky banklaryň öňünde iki nobatyň emele gelendigini hem aýtdy. Olaryň birinde bir gün ozal talon alyp, şu gün pul nagtlaşdyrmaga gelen adamlar, beýlekisinde talon almaga gelenler durýar.

"Birinji nobatdaky adamlar kän däl, olaryň sany 20-den aşmaýar. Ikinji nobatda 40-50 adam nobata dur. Pul öýläne çenli berilýär. Ondan soň pul bolanok. Şu gün ähli etraplarda ýagdaý şeýle. Talony günde 20 adama pul berer ýaly edip düzýärler. Adamlaryň arasynda 1-2 aý bäri pullaryny nagtlaşdyryp bilmeýänler hem bar" diýip, habarçy belledi.

Ol ýaşaýjylaryň özaralarynda her bir adama aýda bir sapar talon beriljekdigi we bank kartynda näçe puluň bardygyna garamazdan, aýda bir gezek 800 manat alyp biljekdigi barada gürrüň edýändigini hem aýtdy.

Azatlyk Radiosy täze düzgünler hakda agzalan etraplaryň we Mary welaýatynyň häkimliklerinden, şeýle-de banklardan kommentariý alyp bilmedi.

Bellesek, mundan ozal welaýatlaryň etrapdyr şäherlerinde bankomatlarda pullaryň ýoklugy sebäpli, ol ýerleriň ýaşaýjylary pullaryny nagtlaşdyrmak umydy bilen, onlarça kilometr ýol söküp sebitiň administratiw merkezlerine gelýärdiler.

Welaýat merkezindaki bankomatlaryň öňünde nobata durýan adamlaryň sanynyň 1000-e ýetýändigi baradaky habarlaryň yzýany, Azatlyk Radiosynyň ozal-da habar berişi ýaly Marydaky banklaryň käbiri şäher, käbiri etrap ýaşaýjylary üçin hyzmat edip başlady.

Azatlygyň habarçylary bankomatlarda nagt ýetmezçiligi bilen bagly problemalaryň fonunda, bank kartlary arkaly döwlet we hususy dükanlarda söwda etmek kynçylyklarynyň saklanyp galýandygyny hem aýdýarlar.

Türkmenistanda üç ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklar dowam edýär. Türkmen häkimiýetleri ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar barada aç-açan çykyş etmeýär.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

На Западе назвали время, за которое гиперзвуковая ракета долетит от Москвы до Берлина

Курс юаня на Мосбирже опустился ниже 11 рублей впервые с мая 2023 года

Путин допустил военно-техническое сотрудничество России с КНДР

Сеть АЗС Газпромнефть внедряет новый формат самообслуживания в 12 регионах России

Музыкальные новости

Те самые русские с флагами на матче-открытия Евро — мы их нашли! Как попали на стадион и как реагируют вокруг?

Российские компании придерживаются собственного подхода в ESG

В Лужниках состоялась церемония открытия Всероссийской Спартакиады Специальной Олимпиады

Российские флаги снова вывесили на матче Евро-2024 между Англией и Сербией

Новости России

Дом-музей Цветаевой, калачи и резная архитектура: куда поехать из Москвы на один день

Подмосковное УФАС оштрафовало ООО «Арбат» за нарушение закона о рекламе

Еще 30 детских садов построят в Подмосковье за счет внебюджетных средств в 2024 году

Ростех создал уникальные супернадежные сплавы для морских газотурбинных двигателей

Экология в России и мире

Театр и Цирк, Культура и Концерт, Россия и Дети: «Волшебный платок бабушки Дари» - это захватывающее путешествие в мир бурятской сказки, которое не оставит равнодушным ни одного зрителя

Prada, коллекция menswear весна-лето 2025

Зубные щетки Revyline Perfect DUO и зубная паста Organic Detox против кариеса в Назрани

Компания ICDMC презентовала свой первый уникальный БАД

Спорт в России и мире

Курникова показала трогательные фото Энрике Иглесиаса

Самсонова обыграла Александрову и вышла в финал турнира WTA в Хертогенбосхе

Скачков и Тайлакова выиграли соревнования по настольному теннису на Играх БРИКС

Теннисисты Рублев, Хачанов и Самсонова не сыграют на Олимпиаде-2024

Moscow.media

Храм Преображения Господня в Коммунарке

Портативный сканер штрих-кодов Heroje C1271 промышленного класса

Бесплатный билет в музеи Зеленоградска от «ПАРАDOX» и BelkaCar

BIA Technologies повысила производительность сборки специй в компании FOSFOREL на 15%











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Экскурсовод из Петербурга прошел аттестацию по 11 субъектам РФ

Дорожная обстановка в Московской области утром 19 июня

Незаконные строения автотехнического комплекса и заправку демонтировали в районе Нагатинский Затон

Иностранец в Москве потушил свечи в церкви и напал на прихожанку