Belarus häkimiýetleri ýurtda ýokarlanýan koronawirus hadysalary barada habar beren iki rus žurnalistini akkreditasiýa hukugyndan mahrum etdi.
Belarus Daşary işler ministrligi Russiýanyň “Birinji Kanal” telewizion kärhanasynda işleýän žurnalist Alekseý Kruçininiň hem-de operator Sergeý Panasýukyň näme sebäpden akkreditasiýadan mahrum edilendigini anyklaşdyrmady.
Emma Belarusyň döwlet teleýaýlymy, “Birinji Kanalyň” Belarusdaky koronawirus ýokançlygy baradaky habaryna jogap edip, habar ýaýlyma goýberdi we onda rus žurnalistlerini ýalan maglumat ýaýratmakda aýyplady.
“Birinji Kanal” Minskiň bu ädimini “düýbünden esassyz” atlandyrdy we kompaniýanyň wekilleri 7-nji maýda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde bu ädime “diplomatik derejelerde-de reaksiýa bildiriljekdigini” gürrüň berdiler. Kanalyň wekilleriniň habar bermegine görä, ministrligiň bildirişinden soň Kruçinin derhal Minski terk edip Moskwa bardy, onuň maşgalasy Belarus paýtagtynda galdy.
Belarus 6-njy maýa çenli 19,255 adama koronawirusyň ýokuşandygyny, bu keselden 112 adamyň aradan çykandygyny habar berdi. Prezident Aleksandr Lukaşenko COVID-19 bilen bagly aladalary gaýta-gaýta ýaňsa aldy.