Мы в Telegram
Добавить новость

Глава Зарайска Виктор Петрущенко провел личный прием граждан

В России продлили выплаты многодетным на погашение ипотеки до 2030 года

Выигравшая миллиард рублей семья из Тюмени отказалась от переезда

Трое взрослых и младенец заживо сгорели под Москвой



World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň kazarmalarynda esgerlere ýuwunmaga rugsat berilmeýär

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň kazarmalarynda esgerlere ýuwunmaga rugsat berilmeýär

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň kazarmalarynda esgerler ýuwunmak mümkinçiliginden mahrum edilýärler. Bu barada habar berýän Azatlygyň çeşmesiniň sözlerine görä, bu ýagdaý ministrligiň Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän kazarmada ýüze çykypdyr.

- Paýtagtda, şäheriň iň merkezinde Goranmak ministrligine degişli binada kazarma jaýy ýerleşýär. Onuň daşynda Goranmak instituty, akademiýasy we Goranmak ministrligi ýerleşýär. Bu, welaýatlardaky bir ýer hem däl. Bu goranmak edarasynyň binasynyň hut merkezinde bolýan ýagdaý. Kapitan Ş. kazarmanyň 3-nji gatynda esgerleriň ýuwunmagy üçin niýetlenen otaglary gulplady, bu ýerde, hersi 24 esger üçin 5 sany otag bar, jemi 120 sany esger ýerleşýär - diýip, Aşgabatdaky çeşmämiz 10-njy iýulda habar berdi.

Çeşmämiziň sözlerine görä, esgerleriň ýuwunmak üçin niýetlenen otaglara girmek mümkinçiliginden mahrum edilmegine bir aý bolupdyr. Munuň bilen baglylykda olar öz arassaçylygyny saklamak üçin alternatiw ýollary gözlemäge mejbur bolýarlar, emma ýuwunmaga alaç tapan ýagdaýynda jezalandyrylýarlar. 

-Bir aý mundan öň kapitan esgerleriň ýuwunýan otaglaryny arassa saklap bilmeýändigini aýdyp, olary gulplady. Käbir esgerler ýuwunmaga ýer bolmansoň, bedeniň ýakymsyz ysyndan şikaýat edýärler. Käbir oglanlar hajathanalarda ýuwunmaga synanyşýarlar. Emma şol bir kapitan olara gygyrýar, ol esgerleriň hajathanalarda ýuwunýandygyny duýýar. Hiç kim oňa garşy çykyp bilmeýär, - diýip çeşmämiz aýdýar. 

Söhbetdeşimiz bu ýagdaýyň tomsuň yssy howasynda bolup geçýändigini belleýär:

-Bu ýerde örän yssy. Adamlar adatça günüň dowamynda iki gezek suwa düşýärler.    

Azatlygyň çeşmesi kapitan Ş. we bu ýagdaýdan habarly kazarmanyň beýleki harby resmileriniň eden-etdilikleri sebäpli jogapkärçilige çekilmän gelýändigini belledi. 

Azatlyk Radiosy kazarmada esgerleriň ýuwunmagy üçin niýetlenen otaglary ýapan ofiseriň doly adyny efirden agzamakdan saklanýarys. Şol bir wagtda-da, biz Goranmak ministrliginiň kazarmasynda bolup geçýän ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň sebäplerini we goşmaça maglumatlary anyklamaga synanyşýarys. Biziň Goranmak ministrliginiň özünden resmi maglumat almak boýunça synanyşyklarymyz häzirlikçe netije bermedi. 

Bu hadysa Türkmenistanda, şol sanda paýtagtyň özünde ofiserleriň esgerler babatynda eden-etdilikli hereket etmegine degişli ýene-täk ýagdaý däl.

Aşgabadyň gowy hasaplanylýan harby bölümleriniň ýene birinde gulluk eden esgeriň geçen aýda Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine, Türkmenistanyň prezidentiniň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän №1001 harby bölüminde hapaçylyk, parahorluk we esgerlerden dürli ýollar bilen pul talap etmek bilen bagly şertler höküm sürýär.

Azatlygyň türkmenistanly söhbetdeşleriniň sözlerine görä, ýurduň welaýatlaryndaky harby bölümlerinde esgerleriň ýagdaýy hasam agyr.  

-Bir oglan goşundan agyr saglyk ýagdaýynda dolanyp geldi. Erbet iýmitlenmegi zerarly onuň aşgazany zaýalandy. Aýaklarynda ýara we saglygynda beýleki problemalar bar - diýip, çeşmämiz aýdýar.

Şeýle-de, Azatlyga goşunda esgerlere rehimsizlik görkezilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň ençemesi barada maglumatlar gowuşypdy.  

Diňleýjilerimizden gelen hatlaryň birinde esgerlerden pul almak üçin olaryň goşunda zorluga sezewar edilýändigi habar berilipdi. 

"Ilki GÜBE hakda aýdaýyn, GÜBE diýlen ýer esgeri irdenden agşama çenli dynçsyz oturdyp yöredip, ylgadyp kösedilýän ýer, ýöretmek, durmak bolanok. eger diýleni etmeseň zorlap kelläňi tualede sokýarlar. Podpolkownik M. bardy, çalaja zat üçin gübä ugradardy, eşigiň ütüksiz - GÜBE, nyzamly ýöremediňmi-GÜBE, saçyň-sakgalyñ azyjyk ösgünmi - GÜBE, prezidentiň doglan gününi bilmediňmi - GÜBE. Mundanam ofiserler gowy peýdalanardylar, esgeri gübä ugratjak diýip gorkuzyp esgerden azyndan 200 manat alardylar", diýip Azatlyga okyjydan gelen hatda gürrüň berilýär. 

Soňky aýlaryň dowamynda Türkmenistanyň häkimiýetleri esgerleri goşuna almak boýunça berk çäre geçirdiler. 18 ýaşyna ýeten mekdep okuwçylary orta mekdebini tamamlan badyna, attestatyny alyp bilmän goşuna alnandygyny, daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly ýaşlaryň kanikul döwründe ýurda baran badyna aeroportda goşuna alnyp gidilendigi barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we garaşsyz habar beriş serişdeleriniň ençemesi habar beripdi. 

Türkmenistanyň milli goşunynyň problemalarynyň arasynda esgerleriň harby taýýarlyk derejesiniň pesligini, azyk üpjünçiliginiň gowşaklygyny, esgerleriň kemsitmelere we rehimsizliklere sezewar edilýändigini, şeýle-de mugt iş güýji hökmünde ulanylýandygyny, oba hojalyk işlerine, pagta ýygyma çekilýändigini synçylar belleýärler. 

Türkmenistanyň häkimiýetleri we harbar beriş serişdeleri goşundaky problemalary agzamaýarlar. 

​Rus dilinde okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Владимир Путин, Дмитрий Медведев, Анатолий Голод: ПРИЗНАНИЕ НАТО НАДО ПРИМЕНЯТЬ!

Порядка 165 пар поженились в столице в День России

В Москве пройдёт «Медфест»

Более 6500 человек в московских МФЦ оформили недвижимость в новых субъектах

Музыкальные новости

Путин обратился с приветствием к участникам Спортивных игр стран БРИКС

Уссурийский ЛРЗ подтвердил соответствие международным стандартам, применяемым на производстве железнодорожной промышленности

Владимир Путин сенсационно получил ключевое признание от Н А Т О.

Парадоксы двойного стандарта

Новости России

Строительство детско-взрослой поликлиники продолжается в Ногинске

Порядка 165 пар поженились в столице в День России

Россия поддержит членство Афганистана в ШОС в случае признания "Талибана"

Названы победители конкурса «Московские мастера» по профессии «Электросварщик ручной сварки»

Экология в России и мире

«Школа вожатых» прошла в школе №7 в Реутове

Более 340 тыс. кв м асфальта отремонтировали во дворах Подмосковья

Азербайджан назначил столицей тюркского мира талышский город Ленкорань. Талышские организации мира бьют тревогу

Пегас сделал важное заявление о будущих турах на предстоящий зимний сезон

Спорт в России и мире

Испанец Алькарас выиграл Открытый чемпионат Франции по теннису

Блинкова вылетела с турнира WTA в Хертогенбосхе

Рейтинг ATP. Синнер стал №1, Алькарас – №2, Циципас выпал из топ-10, Хачанов – из топ-20, Котов обновил личный рекорд

Медведев, Кафельников, Федерер, Маррей, Роддик, Агасси поздравили Синнера со статусом первой ракетки мира

Moscow.media

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Родители 308,9 тысячи детей в Московской области получают единое пособие

Больше функций для комфорта: беспроводные клавиатуры Fstyler FBK26C AS, FBK27C AS и FBK36C AS от A4Tech

В Санкт-Петербурге нашли женщину на красной машинке, которая не пропускала скорую помощь

Каршеринг BelkaCar запустил летний спецпроект «Умные путешествия»











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Более 6500 человек в московских МФЦ оформили недвижимость в новых субъектах

Бюджетный смартфон Honor X6b «молча» выходит в Европе

Ребенка весом 590 граммов спасли в Видновском перинатальном центре

На ФИФА подали в суд из-за расширения клубного чемпионата мира