Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside, polisiýa gödekliklerine we hökümetiň Orsýet babatdaky syýasatyna nägilelikler arasynda, hökümete garşy protestler 28-nji iýunda dokuzynjy gije hem dowam etdi. Gozgalaň rus deputatyna Gürjüstanyň parlamentinde spikeriň ornunda oturyp, söz sözlemäge rugsat berilmegi bilen başlandy. Bu hadysa Gürjüstanda, 2008-nji ýylda Moskwa bilen bolan gysga wagtlyk söweşden soň dartgynlyklaryň saklanyp galýan ýurdunyň adamlarynda gahar-gazap döretdi. Orsýetiň güýçleri şondan bäri Gürjüstanyň iki bölüniji sebitini, Günorta Osetiýany we Abhaziýany eýeläp otyr.