Soňky aýlarda Lebabyň Kerki etrabynda göwreli aýallaryň çaga dogurmak üçin ýüzlerçe kilometr ýol aşyp, welaýat merkezi Türkmenabat şäherindäki lukmançylyk merkezlerine gitmegi bilen bagly wakalar göz-görtele köpeldi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçy 11-nji aprelde sebitden maglumat berdi.
Şu günler Türkmenistanyň Gazagystan bilen araçäkleşýän serhedinde ýerleşýän “Garabogaz” gümrük nokadynda adamlaryň uly nobatlary emele geldi. Muňa Gazagystanda güýçli suw joşmalary dowam edýän mahaly, bu ýurda işlemäge giden türkmenistanlylaryň köpçülikleýin watanyna dolanyp başlamagy sebäp boldy.