Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde lukmanlaryň maýyplara döwlet tarapyndan mugt berilmeli dermanlary almak üçin zerur bolan reseptleri, dermannamalary ýazmakdan ýüz öwürmegi bilen bagly wakalar köpeldi diýip, maýyplaryň ençemesi aýdýar.
Balkan welaýatynda edara-kärhanalaryň işgärlerinden ýüpek gurçuklaryny satyn almak we olary idetmek işleri üçin pul ýygnalýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 9-njy aprelde sebitden maglumat berdi.
Türkmenistanyň iň günorta sebitiniň, öňki Serhetabat etrabynyň ýaşaýjylary üzňelikden ejir çekýärler, hatda bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak üçin hem, 300 kilometr töweregi ýol söküp, Marynyň welaýat merkezine gatnamaly bolýarlar.
Şu günler Balkan welaýatynyň metjitlerinde howpsuzlyk çäreleri görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendirilýär. Baýram namazynda howpsuzlyk işgärleriniň metjitlerde ýörite nobatçylyk etmegi guramalaşdyrylýar. Metjide barýan dindarlary metal detektorlar bilen barlagdan geçirmek meýilleşdirilýär.