Türkmenistanyň gündogar welaýatynda Türkmenabat – Aşgabat we Kerki – Aşgabat ugurlary boýunça otly we uçar biletleriniň gytçylygy emele geldi. Transport kynçylyklary harby gulluga çagyryş möwsüminiň başlanmagy bilen ilteşdirilýär.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 7-nji aprelde belleniljek Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Döwlet telewideniýesine reportažlary öňünden taýýarlap goýmak üçin geçirilen çärä ýüzlerçe adam mejbury-meýletin gatnaşdyryldy.
Balkanly pensionerlere we maýyplyk boýunça kömek puluny alýan raýatlara nobatdaky pensiýa pullary gelmändir. Pensiýasyna garaşýan raýatlar her aýyň başynda bolşy ýaly bank hasaplaryny barlap görseler, apreliň pulunyň gelmändigini bilip galypdyr.