Türkmenistanyň prezidenti Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky konwensiýa goşulmak baradaky kanuna gol çekdi diýip, "Biznes Türkmenistan” neşiri 26-njy noýabrda resmi metbugata salgylanyp habar berdi. 1997-nji ýylda Lissabonda gol çekilen konwensiýa Ýewropa Geňeşiniň ÝUNESKO bilen bilelikde işläp düzen halkara şertnamasy bolup durýar. Oňa, Gresiýa bilen Monakodan başga, Ýewropa geňeşine agza bolan 46 döwletiň ählisi gol çekdi diýip, habarda bellenýär. Читать дальше...
Türkmenistanyň prezident 25-nji noýabrda dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgedilmegi netijesinde döreýän üýtgetmeler baradaky karara gol çekdi. Täze karar esasynda Ahal sebitinde Tejen şäher häkimligi ýatyryldy, Balkan sebitinde Serdar etrap häkimliginiň ady üýtgedilip, ol Gyzylarbat etrap häkimligi diýlip atlandyryldy, Serdar, Gumdag we Hazar şäher häkimlikleri, Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrap häkimligi ýatyryldy. Daşoguz sebitiniň S.A.Nyýazow adyndaky etrap häkimliginiň ady üýtgedilip, ol... Читать дальше...