12-nji noýabrda Eýranyň kazyýet işgäri "Basij" harby güýçleriniň bir agzasynyň öldürilmegi bilen baglylykda 11 adamyň, şol sanda bir aýalyň günäkärlenýändigini aýtdy. Bu waka, 3-nji noýabrda Alborz welaýatynyň paýtagty Karajda, ählihalk protestlerinde öldürilen Hadis Najafiniň kyrky bellenilýän mahaly boldy. Alborz welaýatynyň baş kazysy Huseýin Fazeli Harikandi "Basij" agzasyny Ruhollah Ajamian atlandyryp, onuň “gozgalaňçylar” tarapyndan öldürilendigini aýtdy. "Gozgalaňçylar ýaragsyz bu howpsuzlyk işgärine hüjüm etdiler... Читать дальше...
11-nji noýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary geňeşinden birnäçe hepde bäri dowam edýän ganly protestlerden sarsdyrylan Eýran barada şu aýyň ahyrynda gyssagly mejlis geçirmek haýyş edildi. Bu barada Germaniýanyň we Islandiýanyň BMG-däki ilçileri geňeşiň Ženewadaky prezidentine ýörite hat iberdiler. Ilçiler hatda "Eýran Yslam Respublikasynda, esasanam aýal-gyzlar we çagalar babatynda adam hukuklarynyň ýaramazlaşýan ýagdaýyna garamak üçin... ýörite sessiýa geçirmegi" haýyş etdiler. Читать дальше...
Türkmenistandaky un, çörek we ýag meseleleri bilen uludan tutulýan hasyl toýlarynyň arasyndaky çaprazlyklaryň fonunda beýnisi bekän 20-35 ýaş aralygyndaky türkmenler ýa-da twitter nesli ýurtdaky toý kynçylyklary, öz öňlerinde durýan konserwatiw däpler hakynda indi birnäçe ýyl bäri pikir alyşýarlar. Görnüşinden, daşary ýurtlarda galyp, ne ýurtdaky toý-ýasa gatnaşyp bilýän, ne öz toýuny islegine görä tutup bilýän ýaşlar, olaryň ýakynlary soňky onýyllyklarda gurlan toý mekanlarynyň gulak gapyjy şowhunlarynyň... Читать дальше...