Türkmenistanyň global pandemiýanyň arasynda girizen syýahat çäklendirmelerini gowşadyp, halkara uçar gatnawlaryny dikeldip başlamagy bilen, daşary ýurtlara gitmek isleýän raýatlar göz-görtele köpelýär. Bu barada Balkan welaýatyndan maglumat berýän habarçymyz muny ýurtdaky ýiti ykdysady kynçylyklar, durmuş gymmatçylygy we iş şertleriniň barha agyrlaşmagy bilen düşündirýär.
Daşoguz welaýatynda sadaka bermegi soraýan çagalaryň sany köpeldi. Olar bazarlaryň we hususy dükanlaryň töwereginde ýygnanýarlar diýip, garaşsyz Turkmen.news neşiri öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 2-nji noýabrda habar berdi. "Çagalar söwda eden adamlary görseler, olar üýşüp şol adamyň ýanyna ylgaýarlar we tas şol adamlaryň sumkalaryna göz aýlaýarys diýsek hem bolar. Çagalar şol adamlardan 'çörek üçin' bir ýa-da bir ýarym manat bermegi soraýarlar. Belki olaryň maşgalalarynda çörek alar ýaly pul bardyr. Читать дальше...
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýanwar aýynda hökümete garşy geçirilen demonstrasiýalarda azyndan 238 adamyň ölümine sebäp bolan zorlukly wakalar bilen baglanyşykly aýyplanan we tussag edilen ýüzlerçe adamyň günäsini geçmek baradaky karara gol çekdi. 2-nji noýabrda yglan edilen köpçülikleýin amnistiýa 4-7-nji ýanwarda geçirilen protestlere gatnaşandygy sebäpli tussag edilen we günä bildirilen 1500-den gowrak adama, şeýle-de protestçileri dargadan we tussag edilen howpsuzlyk işgärlerine täsir edýär. Читать дальше...
Türkmenistanda raýatlary goşuna almak we gulluk möhletini tamamlan esgerleri öýlerine ugratmak işi dowam edýärkä, ene-atalar harby gullukda para möwsüminiň möwjeýändigini aýdýarlar. Olar çagyryş boýunça harby gullugy geçen ogullaryny gulluk möhletiniň tamamlanan wagtynda öýlerine getirmek üçin para bermeli bolýandyklaryny habar berýärler. Bu barada ene-atalaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. "Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde gulluk edýän oglum şu aý harby gullukdan boşap, öýe gelmelidi. Читать дальше...
Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom respublikasynda iýul aýynda konstitusiýa üýtgetmelerine garşy ýörişlerde tussag edilen aktiwistleriň ýene 35 sanysy tussaglykdan boşadyldy. Özbek Ombudsmeninň, adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň edarasy 1-nji noýabrda Garagalpagstanyň garaşsyzlyk almaga çalyşmak hukugyny kepillendirýän maddanyň aýrylmagyna ýol açjak düzedişleri sorag astyna alýan ýygnanyşyklara gatnaşan 107 adamyň, garagalpak kanun çykaryjylarynyň haýyşy boýunça, tussaglykdan boşadylandygyny aýtdy. Читать дальше...
Şu günler Balkan welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamaga girişýän ýerli daýhanlar el güýjüniň we hasyl daşaýjy tehnikalaryň ýetmezçilik edýändigini aýdyp, oba hojalyk resmileriniň bu meselelere "geleňsizliginden" şikaýat edýärler. “Resmiler diňe harmanda taýyn bolup, olar [möwsümleýin oba hojalyk işleriniň dowamynda] daýhanlaryň ne dökün, ne suw, ne-de tehnika problemalaryna ýardam berýärler” diýip, balkanly daýhanlar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler. Читать дальше...
Saud Arabystany amerikan resmileri bilen Eýranyň patyşalyga garşy hüjüme taýýarlanýan bolmagynyň ähtimallygyny aňladýan aňtaw maglumatlaryny alyşdy diýip, ABŞ-nyň üç resmisi 1-nji noýabrda aýtdy. Saud Arabystanyna garşy bolup biljek hüjüm baradaky aladalar ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasynyň Tährany ýurtda giň ýaýran halk protestlerini basyp ýatyrmagy sebäpli tankytlamagynyň we Russiýa Ukraianada ulanmak üçin iberen ýüzlerçe pilotsyz uçary, şeýle-de Moskwa beren tehniki goldawy üçin ýazgarmagynyň yz ýanynda ýokarlandy. Читать дальше...
Owganystanda häkimiýeti dolandyrýan radikal “Talyban” hereketi aýallardan ybarat polisiýa bölümlerini döretdi. Olar, bu bölümlerde işletmek üçin, geçen ýylyň awgust aýynda häkimiýeti ele geçirmezlerinden öň Içeri işler ministrliginde işlän aýallary işe çekýärler. Azatlyk radiosynyň Owgan gullugynyň maglumatyna görä, häzir polisiýada işletmek üçin 100-e golaý aýala tälim berilýär. Adam hukuklaryny goraýjylar "Talybanyň" aýallardan ybarat polisiýa bölümlerini döredip, hakykatda özleriniň aýal-gyzlaryň... Читать дальше...
Bu günler Lebabyň dolandyryş merkeziniň eteginde gurlan ýaşaýyş jaý toplumyny ýylyň aýagyna çenli tabşyrmak tagallalarynyň çäginde, häkimiýetler sebitiň beýleki edara-kärhanalarynda gurluşyk işlerinden başy çykýan býujetçileri jaýlaryň içerki timarlaýyş işlerine çekýärler. Bu aralykda, ýerli ýaşaýjylar, degişlilikde arzan bahadan satylýan bu jaýlaryň hiliniň pesdigini aýdyp, olary satyn almakdan ýüz öwürýärler. “Türkmenabadyň Azatlyk etrapçasynyň ‘Arkadag’ köçesindäki, aeroporta barýan ýoluň ugrunda... Читать дальше...
Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa edýän resmi saparynyň ilkinji gününde Aşgabatda Bilelikdäki rus-türkmen uniwersitetini döretmek başlangyjyna seredildi diýip, “Türkmenportal” neşiri anyklaşdyrmazdan habar berýär. Ol bu sapara Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça bardy we iki ýurduň mejlisleriniň arasynda parlamentara toparyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekdi. TDH-nyň ýazmagyna görä, bu duşuşyklar parlamentara hyzmatdaşlygy... Читать дальше...