Gyrgyzystan tanymal ýazyjy Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 90 ýyllygyny belledi.
Prezident Sooronbaý Jeenbekow we beýleki ýokary derejeli gyrgyz resmileri 12-nji dekabrda paýtagt Bişkegiň golaýynda, Aýtmatowyň Ata Beiit hatyra toplumyndaky mazaryna gül çemenlerini goýdular.
Jeenbekow Milli filarmoniýa öýünde guralan dabarada çykyş edip, Aýtmatowy “dünýä edebiýatyndaky ajaýyp hadysa” diýip atlandyrdy.
“Aýtmatow diňe adamlaryň içerki dünýäsini üýtgetmegi başaran beýik ýazyjy däl, ol planeta derejesindäki şahsyýet” diýip, prezident sözüniň üstüni ýetirdi.
Ozalky sowet giňişliginde meşhur bolan gyrgyz ýazyjysy 2008-nji ýylda, 79 ýaşyndan aradan çykdy.
Rus we gyrgyz dillerinde ýazan Aýtmatowyň eserleri 176 dile terjime edilip, 128 ýurtda 100 milliondan gowrak nusgada çap edildi.
Türk medeniýetiniň halkara guramasy bolan Turksoý 2018-nji ýyly Aýtmatow ýyly diýip jar etdi.