Täjigistanda ABŞ-nyň diplomaty ýurduň Baş prokuraturasynyň we Daşary işler ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyp, Hojant şäherindäki türmede turan ganly gozgalaňy maslahat etdi.
ABŞ-nyň Täjigistandaky ilçihanasynyň Azatlyk Radiosy bilen hem paýalaşan beýanatynda nygtalmagyna görä, Chargé d’Affaires, ýagny ilçiniň ýok wagty onuň wezipesini ýerine ýetirýän diplomat Kewin Kowert (Kevin Covert) “täjik hökümetiniň boldy diýilýän bidüzgünçilikleri seljermek we kanunyň hökmürowanlygyny saklamak ugrundaky tagallalary bilen gyzyklanypdyr”.
Beýanatda “ABŞ-nyň hökümeti, şular ýaly açyk gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik döredýändigi üçin, täjik hökümeti bilen bar bolan gatnaşyklaryna gowy baha berýär. Ilçihana Täjigistandaky adam hukuklarynyň sesi bolmagyny dowam etdirer" diýip hem bellenilýär.
Mundan öň, Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde gürleşen täjik resmisi 7-nji noýabrda Hojantdaky türmede turan gozgalaňda azyndan 52 adamyň ölendigini aýdypdy.
19-njy noýabrda ABŞ-nyň ilçihanasy ABŞ we Ýewropa ilçileriniň şol gün Gynamalara garşy Komitet bilen duşuşyp, türmedäki gozgalaň bilen ilteşikli maglumatlary toplandyklaryny mälim etdi.