Müsüriň ozalky prezidenti Hosni Mubaregiň iki ogly söwda galplyklaryna aýyplanyp tussag edileninden bäş gün soň, girew astynda azatlyga goýberildi.
Kairyň harby sudy Mubaregiň doganlarynyň ýegenleriniň tussag edilmesine garşy arzasyny kabul edip, tussaglaryň her biri üçin 5 müň 570 dollar möçberinde girewi kesgitläp, olary tussaglykdan boşatdy.
Gurply telekeçiler Alla Mubarak we Gamal Mubarak gymmatbaha kagyzlar biržasynda manipulýasiýalar arkaly 30 million dollar möçberinde bikanun gazanç etmekde aýyplandylar.
2011-nji ýylda Müsürde dörän Arap bahary netijesinde, Hosni Mubarak 29 ýyl ýurt baştutany bolanyndan soň, häkimiýetden çetleşdirilipdi. Munuň yz ýany, ol we ýokarda gürrüňi edilen iki ogly tussag edilipdi.
Olar hökümet pullaryny öz haýyrlaryna ulanmakda günäli tapylyp, üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdiler. Mubarak geçen ýyl, ogullary bolsa, 2015-nji ýylda azatlyga çykdylar.
Hosni Mubaregiň häkimiýeti döwri Gamal hökümetde möhüm wezipeleri eýeläpdi, şeýle-de oňa mirasdüşer hökmünde garalýardy. Alaa Mubarak syýasatdan daşda dursa-da, kakasynyň üsti bilen uly gazançlary etmekde aýyplandy.