Мы в Telegram
Добавить новость

Эксперт Пеньковская рассказала о разнице правления Елизаветы II и Карла III

Economist: охрану главы ЦБ усилили после повышения ключевой ставки до 20%

Казахстан и Южная Корея остались главными поставщиками мороженого в РФ

Кратковременные дожди и переменная облачность ожидаются 2 июня



World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

'Daşoguzda telefonda gürleşmek üçin azyndan 40 gezek jaň etmeli'

'Daşoguzda telefonda gürleşmek üçin azyndan 40 gezek jaň etmeli'

Türkmenistanyň ýolbaşçylary döwrüň täze ylmy tehniki mümkinçiliklerine ähmiýet berýändigini aýdýarlar. Hökümet ösen tehnologiýalary ýurtda ornaşdyrmagy, ilatyň aragatnaşyk hyzmatlary we internet bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegi ileri tutýan meseleleriniň arasynda agzaýar. Türkmenistanyň raýatlary bolsa aragatnaşyk hyzmatlarynyň hiliniň örän pesdigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary soňky aýda, hususan-da, Daşogz welaýatynda aragatnaşyk hyzmatlarynyň öňküsinden ýaramazlaşandygyny, websaýtlaryň köplenç açylmaýandygyny, mobil telefondan jaň etmek üçin onlarça gezek aýlamaly bolýandygyny aýdýarlar. 

“Adamlar TMCELL internetiniň ýaramazdygyna, haýaldygyna öwrenipdirler. 3G internet diňe welaýat merkezinde we ýene iki etrap merkezinde bar, emma muňa-da 3G internet diýip bolmaýar. Häzirki günlerde mobil telefonyňdan birine jaň etmek üçin azyndan 40 sapar jaň edensoň düşüp bolýar, sms hat ýazsaň 24-sagatdan barýar” diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar. Onuň sözlerine görä, edaranyň işgärleri munuň sebäbini müşderileriň sanynyň köpelýändigi, emma ýeterlik enjamlaryň satyn alynmaýandygy bilen düşündiripdir. 

TMCELL - Türkmenistanyň «Altyn Asyr» kompaniýasyna degişli söwda brendy. Türkmenistanda aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün edýän ýeke-täk bu şirketiň resmi websaýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, 2004-nji ýylda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşygy döwlet kompaniýasynyň kärhanasy hökmünde düýbi tutulan we 2013-nji ýyldan bäri ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hökmünde işleýän «Altyn Asyr» şirketi GSM standartly hyzmatlary hödürleýär. 

Şeýle-de, kompaniýanyň resmi websaýtynda onuň öz ulanyjylaryna has giň mümkinçilikli 4G internet hyzmatlaryny hem hödürleýändigi aýdylýar. 2017-nji ýylda kompaniýanyň abonentleriniň sany 5.5 milliona barabar bolupdyr.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanda aragatnaşyk hyzmatlarynyň hiline degişli bu maglumatlar dogrusynda TMCELL kompaniýasyndan resmi kommentariýa alyp bilmedi.

Ozalky ýyllarda Türkmenistanda alternatiw aragatnaşyk hyzmatlaryny 2005-2017-nji ýyllaryň aralygynda iki ýyllyk arakesme bilen ýurtda işlän Orsýetiň MTS kompaniýasy hödürleýärdi.

Türkmenistanda mobil aragatnaşygyň we internetiň üpjünçiliginde onuň haýallygy, yzly-yzyna kesilmegi ýaly tehniki kemçilikleri bilen bir hatarda telefon ulanyjylary häkimiýetleriň gözegçiligine degişli närazylyklaryny hem öňe sürýärler we ulanyjylaryň yzarlanýandygy aýdylýar.

“TMCELL-iň interneti ýörite gulluklar tarapyndan berk barlanýar. Türkiýede işleýän dogan-garyndaşyň bilen IMO mesenjeri arkaly bir hepdede 10 sapardan köp habarlaşan raýatlary howpsuzlyk edara çagyryp, soraga çekýärler we mobil telefonlaryňy elinden alyp bir hepdeden ýa-da 10 günden soň eýelerine gaýdyp berýärler. Raýatlaryň internetiň gowy işlemeýändigi sebäpli ençeme sapar jaň etmäge mejbur bolýandygyny aýdyp, şikaýat edýändigine garamazdan, howpsuzlyk işgärleri: “Şu interneti umuman ýapmaly, sizler Türkiýedäki garyndaşlaryňyz üsti bilen häzirki gytçylyk, kynçylyk barada Azatlyga berýäňiz, sizler şpion, daşary ýurtlaryň içalysy” diýip, haýbat atýarlar” diýip, - Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy soraga çekilen ýerli ýaşaýjylaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolandygyny habar berdi.

Soňky aýlarda türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň şahsy elektron gurallaryny tötänden barlaýandygy, şol sanda mekdeplerde okuwçylaryň, döwlet kärhanalarynda işgärleriň we köçeden geçip barýan ýaşaýjylaryň mobil telefonlaryny zor bilen barlaýandygy barada yzly-yzyna maglumat gowuşýar. Şeýle barlaglara sezewar edilenler özlerine daşary ýurtly habar beriş serişdeleri, ilkinji nobatda-da Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp-habarlaşmandygy barada soraglaryň berilýändigini gürrüň berýärler.

Şol bir wagtyň özünde-de, düýbi Nýu Ýorkda ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy “Rohde & Schwarz” atly nemes kiberhowpsuzlyk firmasynyň Türkmenistan bilen gatnaşygy dogrusynda aladalaryny beýan edip, 25-nji maýda maglumat çap etdi.

"Olar hökümet tarapyndan satyn alnan enjamlaryň websaýtlary bloklamak hem-de adam hukuklaryny basgylap, olary yzarlamak ähtimallyklaryna garşy nähili çäre görendiklerini aýan etmeli” diýip, Human Rights Watch çap eden maglumatynda belledi. 

Azatlyk Radiosynyň azathabar.сom websaýty Türkmenistanda petikli bolmagynda galýar. Muňa garamazdan, ony böwetlerden geçmäge mümkinçilik berýän proksi serwerleriň üsti bilen açyp bolýar. Azatlyk Radiosy öz diňleýjilerine hem okyjylaryna türkmen we ors dillerindäki websaýtlaryny okamaga, şeýle-de biz bilen sosial ulgamlaryň üsti bilen habarlaşmaga howpsuz mümkinçilikleriň ençemesini hödürleýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Тысячи активистов разгромили офис Socar в Стамбуле, обвинив «Азербайджан» в поддержке геноцидальной политики Израиля в Палестине

Ход «Инаномо»: как чемпионы России впервые победили на Moscow Open

Известная провидица из США предсказала будущее России

Российские войска продвинулись под Очеретино, «зацепившись» за Сокол и Новоалександровку

Музыкальные новости

Здравый смысл против дезинформации официозной пропаганды

В Туле наградили победителей межрегиональных соревнований по эстетической гимнастике "Кубок Роксэт"

Выставка «Кремли России — взгляд художника» открылась в Нижегородском кремле

Новости фармацевтики в России и в мире

Новости России

Выездная администрация прошла в поселке Черкизово в Пушкинском округе

Из-за чего певица Алсу развелась с мужем

Ход «Инаномо»: как чемпионы России впервые победили на Moscow Open

На борту самолета, летевшего из Москвы в Турцию, из-за жары погибла кошка якутского пилота

Экология в России и мире

AlfaBiom выпустили на рынок России БАД с красным ферментированным рисом

Коллекция купальников Love Republic

Раскрыт секрет, как и где отдохнуть в России летом за 11 тыс. рублей

Eurasianet: Азербайджан публично и цинично уничтожает армянское культурное и историческое наследие в Нагорном Карабахе

Спорт в России и мире

Теннисистка из Пятигорска вышла в четвёртый круг турнира Большого шлема

Медведев высказался об игре Свёнтек

Азаренко не смогла выйти в 1/16 финала открытого чемпионата Франции по теннису

Димитров пробился в четвертьфинал Открытого чемпионата Франции

Moscow.media

Тысячи активистов разгромили офис Socar в Стамбуле, обвинив «Азербайджан» в поддержке геноцидальной политики Израиля в Палестине

Eurasianet: Азербайджан публично и цинично уничтожает армянское культурное и историческое наследие в Нагорном Карабахе

РОССИЮ ОЖИДАЕТ ПЛЮС 50 ГРАДУСОВ: КАКИМ ГОРОДАМ ЖДАТЬ АНОМАЛЬНУЮ ЖАРУ

Распределяй и управляй: водители «Грузовичкоф Бизнес» – о преимуществах работы и трудовых буднях  











Топ новостей на этот час

Rss.plus






День Владимирской иконы Божией Матери - история иконы и её чудеса

«Штрафы за лесные пожары строгие, но они должны быть неотвратимы»

Бастрыкин потребовал доклад об избиении ребёнка в Красногорске

Переплыли «Балтику»: «Зенит» сделал золотой дубль в сезоне