ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Hytaýyň kommunist partiýasynyň prezident Si Jinpingiň yzygiderli iki möhlet prezidentlik çägini aýryp, oňa ýurda soňky kesgitlenmedik möhlete çenli ýolbaşçylyk etmek hukugyny bermek çärelerini goldaýar diýip,CNN telekanaly habar berýär.
"Ol indi ömürlik prezident, bütin ömrüne prezident. Özem ol ajaýyp” diýip, Tramp, telekanalyň aýtmagyna görä, Floridada 3-nji martda ýapyk gapylaryň arkasynda gurnalan fond toplamak çäresinden alnan ses ýazgysynda aýdypdyr.
"Özem seret, ol muny edip bildi. Meniň pikirimçe, bu ajaýyp. Belki-de bize-de bir zaman şeýle etmek gerek bolar” diýip, Tramp öz goldawçylarynyň şowhunly gykylyklary astynda aýtdy.
Onuň Birleşen Ştatlarda prezidentligiň çäklendirilen möhletini soňlamak baradaky sözleri degşip aýdandygy ýa däldigi bada-bat aýdyň bolmady. Ak tam bolsa ABŞ mediasynyň soran düşündirişlerine bada-bat jogap bermedi.
1951-nji ýylda ABŞ Konstitusiýasyna girizilen düzediş amerikan prezidentlik möhletini doly iki möhlete çenli çäklendirdi.