Özbegistan Orsýetiň “Rosatom” döwlet energiýa korporasiýasy bilen ýadro hyzmatdaşlygy şertnamasyna gol çekdi.
“Rosatom” bu şertnamanyň “medeni ýadro energiýasynyň köp aspekti boýunça” ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklara ýol açjakdygyny aýdýar.
Bu şertnama 29-njy dekabrda, “Rosatomyň” baş direktory Alekseý Lihaçýow bilen Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary Nodir Otajonow gol çekdi.
"Bu hyzmatdaşlyk Özbegistanda infrastruktura döretmegi, tälim berilmegini, ýadro elektrik stansiýalarynyň we ylmy-barlag reaktorlarynyň gurulmagyny, şeýle-de olaryň ulanylyşyna esewan edilmegini öz içine alýar” diýip, "Rosatomyň" beýanatynda aýdylýar.