Добавить новость


World News


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Mirziýoýew howpsuzlyk güýçlerini berk tankytlanyndan soň, Özbegistanda uly kadr üýtgeşmeleri geçirildi

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň hukuk goraýjy edaralar babatyndaky n berk tankydyna gönüden-göni jogap hökmünde, Özbegistanyň hukuk goraýjy ulgamynda birnäçe wezipä belleme we işden boşatma boldy.

Kadr üýtgeşmeleri Içeri işler ministrligine, Milli gwardiýa we Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligine degişli boldy.

27-nji ýanwarda geçirilen ýygnakda döwlet baştutany howpsuzlyk edaralarynyň işini tankytlady we olaryň kiberjenaýatçylyk, guramaçylykly jenaýatçylyk we kezzaplyk ýaly kynçylyklaryň hötdesinden gelmeýändigini aýtdy.

Şeýle-de, Mirziýoýew Içeri işler ministrligi ulgamynda 186 milliard som möçberinde pul ogurlygynyň bolandygyny, bu iş boýunça öňki ýokary derejeli resmileriň tussag edilendigini ýatlatdy.

Ara alyp maslahatlaşmadan soň, Daşkent şäher polisiýa bölüminiň başlygy Rawşan Sultonhojaýew we Daşkent prokurorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Anwar Urmanow käýinç aldylar.

Şondan gysga wagt soň, Milli gwardiýanyň ýolbaşçylygynda üýtgeşiklikleriň bolandygy yglan edildi. Öň prezidentiň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary bolan Bahodir Taşmatow gwardiýanyň serkerdesi wezipesine bellendi. Bu onuň howpsuzlyk gulluklaryna gaýdyp gelýändigini aňladýar.

Ol ozal 2017-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli Milli gwardiýa ýolbaşçylyk edipdi. Taşmatow soňky alty ýylyň dowamynda Milli gwardiýa ýolbaşçylyk eden Rustam Juraýewiň ornuny tutýar.

Rustam Juraýew Içeri işler ministriniň birinji orunbasary we Jemgyýetçilik howpsuzlygy departamentiniň başlygy wezipesine bellendi.

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň öňki başlygy Botir Kudrathojaýew hem Içeri işler ministrligine geçip, ministriň birinji orunbasary we Operatiw derňew bölüminiň başlygy wezipelerini eýeledi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus