Добавить новость
World News


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ermenistanda häkimiýeti basyp almak synanyşygy boýunça 14 adam tussag edildi

Ermenistanda häkimiýeti basyp almak synanyşygy boýunça açylan jenaýat işi bilen baglylykda 14 adam tussag edildi. Olaryň arasynda hökümetiň ýiti tankytçysy ermeni apostol kilisesiniň arhiýepiskopy Bagrat Galstanýan hem bar.

Ýurduň premýer-ministri Nikol Paşinýanyň sözlerine görä, hukuk goraýjy edaralar “jenaýatçylykly-oligarhiki ruhany toparlaryň” taýýarlan döwlet agdarylyşygynyň öňüni alypdyrlar. Jemi 90-dan gowrak ýerde gözleg geçirilendigi aýdylýar.

25-nji iýunda howpsuzlyk güýçleri “Mukaddes göreş” hereketiniň agzalarynyň we tarapdarlarynyň öýlerinde gözleg geçirdi. Bu guramanyň ýolbaşçysy arhiýepiskop Bagrat Galstanýandan başga-da, oppozision “Ermenistan” blokunyň deputaty Artur Sarkisýan, ýurduň iň köne partiýasy bolan “Daşnaksutiunyň” ýolbaşçy düzüminiň agzasy Igor Sarkisýan, şeýle-de ykrar edilmedik Daglyk Garabagyň öňki parlamentiniň deputaty Dawid Galstan tussag edildi. Bu adamlar Ermenistanyň Derňew komitetine äkidildi.

Derňew komitetiniň öňüne tussag edilenleriň tarapdarlary toplandy, bu ýere kanun goraýjylar ýerleşdirildi.

Mundan öň “Civic” atly ýerli neşir oppozisiýanyň döwlet agdarylyşygy baradaky meýilnamasyny ele geçirendigini öňe sürdi. Bu habara çelgi premýer-ministr Paşinýanyň Facebook sahypasynda hem paýlaşyldy.

“Ermenistan” blokunyň deputaty Elinar Wardanýan bu gözlegleriň we tussag etmeleriň syýasy matlaplydygyny, hökümete garşy çykyş edenleriň galp aýyplamalar bilen yzarlanýandygyny aýtdy diýip, RFI habar berýär.

Soňky aýlarda Ermenistanyň hökümeti bilen ermeni apostol kilisesiniň arasyndaky gapma-garşylyk ýitileşdi. Kilisäniň ruhany lideri katolikos Garegin II (Nersisýan), Garabagdaky ýeňlişden soň Paşinýanyň hökümetini wezipesinden çekilmäge çagyrypdy. Paşinýan hökümeti bolsa kilisäni özüne garşy hereket etmekde aýyplaýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus