Добавить новость
World News


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Eýranyň baş diplomaty Aşgabatda özüniň türkmen kärdeşi bilen duşuşdy

23-nji iýunda Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi Türkmenistana sapar etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 24-nji iýunda beren maglumatyna görä, Eýranyň baş diplomaty özüniň türkmenistanly kärdeşi Raşid Meredow bilen duşuşypdyr. Gepleşikleriň dowamynda, özara gyzyklanma döredýän halkara we regional meseleler, hususan-da Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar barada pikir alşylypdyr.

Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat parahatçylygy tizden-tiz gazanmak hem-de bu sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen gepleşikleri geçirmek arkaly Ýakyn Gündogardaky häzirki ýagdaýy çözmäge gatnaşmaga taýýardygyny mälim edipdir.

Duşuşykda Eýranyň daşary işler ministri Türkmenistanyň "mäkäm goldawyna" minnetdarlyk bildiripdir.

Bu saparynyň öňýany Aragçi, Russiýanyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşmak üçin, Moskwa sapar edipdi.

Bu aralykda, aýry başga bir beýanat bilen Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy, Eýrandan 4 müňe golaý daşary ýurtlynyň türkmen serhedinden üstaşyr geçendigini mälim etdi. Maglumatda 52 sany döwletiň degişli haýyş bilen ýüz tutandygy bellenilýär.

Mundan öň, Türkmenistanyň özüniň günorta goňşusyndan çykmak isleýän ABŞ-nyň 100-den hem aşa raýatynyň serhetden geçmek baradaky Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň arzalaryny tassyklamandygy barada maglumatlar peýda boldy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus