Добавить новость
World News


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Tramp: Eýran bilen Ysraýylyň arasyndaky ok atyşyklaryň bes edilmegi güýje girdi

Eýran bilen Ysraýylyň arasyndaky ok atyşyklaryň bes edilmegi güýje girdi. Bu barada ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 24-nji iýunda irden habar berdi. “Muny bozmaň!” diýip, Tramp belledi.

Mundan ozal, Ysraýylyň premýer-ministri Beniýamin Netanýahu ýurduň ok atyşyklaryň bes edilmegine razy bolandygyny mälim edipdi. Ysraýyl hökümetiniň beýanatynda aýdylmagyna görä, 13-nji iýunda Eýrana garşy başlanan harby operasiýanyň netijesinde, Ysraýyl Tähranyň ýadro we raketa wehimlerini doly ýok edip, öz öňünde goýan ähli maksatlaryna ýetdi. Netanýahu ABŞ-a we prezident Trampa “Eýrandan gelýän ýadro howpuny aradan aýyrmakda goldawy we gatnaşygy” üçin minnetdarlyk bildirdi.

Eýranyň häkimiýetleri hem mundan ozal ok atyşyklaryň bes edilmegine razy bolandyklaryny yglan edipdiler. Eýranyň döwlet telewideniýesi bu barada 24-nji iýunda habar berdi. Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi, X sosial ulgamynda eden beýanatynda, Eýran goşunynyň söweş hereketlerini bes edendigini mälim etdi.

Tramp ok atyşyklaryň bes edilmeginiň güýje girendigini 24-nji iýuna geçilen gije, Eýranyň ABŞ-nyň Katardaky harby bazasyna raketa zarbasyny urmagyndan birnäçe sagat soň yglan etdi. Bu hüjüm üstünlikli gaýtarylypdyr.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus