Добавить новость


World News


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ Eýrana Hormuz bogazyny petiklemek ýa-da jogap zarbalaryny urmak synanyşygyndan saklanmak barada duýdurdy

ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio, Birleşen Ştalaryň Eýranyň ýadro desgalaryna uran zarbalaryndan soň, Tähranyň jogap hüjümlerinden saklanmalydygy barada duýduryş berdi. Onuň aýtmagyna görä, beýle hüjüm “olaryň öňki-soňky etjek iň uly ýalňyşlygy bolar”. Şeýle hem Rubio Eýranyň Hormuz bogazyny petiklemek synanyşyklaryndan gaça durmalydygyny aýtdy.

Hormuz bogazy Pars we Oman aýlyklaryny birleşdirýär we dünýäde sarp edilýän nebitiň takmynan 20%-i bu ýerden geçirilýär.

Rubio bu barada 22-nj iýunda “Fox News” teleýaýlymynyň irdenki gepleşiginde çykyş edip, bogazy petiklemek synanyşyklaryna diňe bir ABŞ-nyň däl, beýleki ýurtlaryň hem jogap berjekdigini aýtdy. Döwlet sekretary Tähranyň bu mümkin hereketleriniň öňüni almak maksady bilen, Pekin bilen hem aragatnaşyga geçendigini mälim etdi.

Rubio ABŞ-nyň Eýrana garşy giň gerimli harby operasiýa meýilleşdirmeýändigini we Tähran bilen gepleşikleri dowam etdirmek mümkinçiliginiň saklanyp galýandygyny belledi.

Ol ýadro desgalaryna urlan zarbalaryň öňde goýlan maksadyna ýetendigini nygtap: “Olaryň ýadro ýaragyny döretmek üçin ähli zerur serişdeleri bardy. Häzir beýle mümkinçilik ýok” diýdi.

Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy, ýagny Radio Fardanyň maglumatyna görä, Eýranyň bir palatadan ybarat mejlisi hökümetden Hormuz bogazyny petiklemegi talap edipdir.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus