Добавить новость
World News


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ysraýylda Eýranyň gijeki hüjümlerinden soň sekiz adam öldi

Eýranyň öten agşamyň dowamynda amala aşyran raketa hüjümleriniň netijesinde Ysraýylyň merkezi sebitinde azyndan 8 adam heläk boldy, 300 töweregi adam ýaralandy.

Petah-Tikwa, Haýfa we Tel-Awiwiň eteklerindäki ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetdi ýa-da olar doly weýran boldy. Halas ediş toparlary gözleg işlerini dowam etdirýärler, käbir adamlaryň harabalyklaryň aşagynda galan bolmagy mümkin.

Ysraýyl Eýrany ýaşaýyş sebitlerine bilkastlaýyn zarba urmakda ýene-de aýyplady. Eýran bolsa, 13-nji iýuna geçilýän gije Ysraýylyň ýurduň raketa we ýadro programmalaryna garşy başladan harby operasiýasyna jogap zarbalaryny urýandygyny aýdýar.

15-nji iýun agşamdan bäri Ysraýyl hem Eýrana garşy urgularyny dowam etdirýär. Nyşanalaryň arasynda yslam rewolýusiýa sakçylary korpusynyň desgalary hem-de Fordodaky ýadro merkezi bar.

Eýran mediasynyň tassyklanmadyk maglumatlaryna görä, ýurduň ýokary ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi maşgalasy bilen bunkerde gizlenýär. Mundan öň, “Reuters” agentligi ABŞ-nyň Ysraýylyň Hameneýi öldürmek baradaky planlaryny ret edendigini habar beripdi. Ysraýyl bu maglumatlary tassyklamady.

Soňky üç günüň dowamynda Ysraýyla urlan zarbalaryň netijesinde 20 töweregi adam öldi, ýüzlerçesi ýaralandy.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi konfliktiň güýçlenmeginden bäri ýurtda 224 adamyň heläk bolandygyny, müňden gowrak adamyň bolsa hassahana ýerleşdirilendigini mälim etdi. Ministrligiň maglumatyna görä, zyýan çekenleriň 90 göterimi parahat ilatyň arasyndan.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus