Добавить новость


World News


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ilon Mask bilen Donald Tramp jemgyýetçilikde biri-birini tankytladylar

Milliarder Ilon Mask ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy X sosial ulgamynda berk tankytlady, bu bolsa syýasatçynyň ondan nägile bolandygyny belläp eden çykyşlaryndan soň bolup geçdi.

“Meniň kömegim bolmadyk bolsady, Tramp saýlawlarda ýeňlerdi, demokratlar Wekiller öýüni gözegçilikde saklardy, respublikançylar bolsa Senatda ýeňlerdi. Munuň özi minnetdarlyksyzlykdyr” diýip, Tesla kompaniýasynyň esaslandyryjysy Trampyň çykyşlaryna jogap hökmünde ýazdy.

Bu waka Trampyň Ak tamda geçirilen metbugat ýygnagynda Maskyň prezidentiň ykdysady maksatnamasynyň esasy maddalary boýunça kanun taslamasyna garşy çykyşyndan “örän geň galandygyny” we “nägile bolandygyny” aýdyp çykyş etmeginden soň ýüze çykdy.

“Men örän nägile, sebäbi Ilon bu kanun taslamasynyň taýýarlanylyşyndan bu ýerde oturanlaryň tas ählisinden, siziň hemmäňizden has köp habarlydy. Ol ähli zatdan habarlydy. Onuň muňa garşy hiç hili meselesi ýokdy” diýip, Tramp Germaniýanyň kansleri Fridrih Mers bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy. “Birdenkä mesele döredi, bu elektrik ulaglaryna berilýän maliýeleşdirmäniň azaldyljakdygy mälim edilenden soňra boldy”.

Mask prezidentiň bu çykyşyna X sosial ulgamynda başga bir postda jogap berip, kanun taslamasyň kabul edilmezinden ozal, onuň hiç hili teksti görmändigini öňe sürdi. “Bu kanun taslamasy hiç wagt maňa görkezilmedi we şeýle tiz kabul edildi welin, hatda Kongressiň agzalarynyň hem köpüsi ony okamaga ýetişmedi!” diýip, Mask ýazdy.

Tramp bilen Maskyň arasynda ýüze çykan bu gapma-garşylykdan soň, milliardere degişli Tesla kompaniýasynyň aksiýalarynyň bahasy 15% pese gaçdy. Mask Trampyň saýlaw kampaniýasyna 250 million dollardan gowrak serişdeleri harçlady we onuň administrasiýasynda işledi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus