Добавить новость


World News


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ministr Çehiýanyň AÝ/AR-ny saklap galmak başlangyjyny 12 ýurduň goldaýandygyny aýdýar

Çehiýanyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyny (Azatlyk Radiosyny) saklap galmak baradaky başlangyjyna eýýäm 12 ýurt goşuldy diýip, ýewropa meseleleri ministri Martin Dworak 26-njy martda, bu tagalla Finlandiýa we Daniýa hem goşulanyndan soň, sosial ulgamlarda ýazdy.

Düýbi Pragada ýerleşýän radionyň ABŞ bilen baglaşylan maliýeleşdiriş şertnamasy bar we ABŞ Kongresi bu neşiriň şu maliýe ýylynyň ahyryna çenli işlemek mümkinçiligimi üpjün etmek üçin berlen serişdäni aljakdygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, ABŞ-nyň Global metbugat gullugy (USAGM) 15-nji martda şertnamany ýatyrýandygyny we bölünip berlen serişdeleri goýbermekden ýüz öwürýändigini habar berdi.

Dworak bu habardan soň, Azatlyk radiýosyny goldamak inisiatiwasy bilen, beýlek ýewropa ministrlerine ýüz tutdy, bu meseläni ÝB-niň Esasy meseleler geňeşinde hem gozgady.

Ozal habar berşimiz ýaly, ABŞ kazyýeti 25-nji martda AÝ/AR-nyň USAGM-a garşy Azatlyk Radiosynyň kongres tarapyndan berlen maliýe serişdeleriniň kesilmegi bilen bagly eden şikaýat işindäki wagtlaýyn çäklendirme buýrugy talabyny (TRO) kanagatlandyrdy.

ABŞ-nyň Waşington şäherindäki okrug kazyýeti çykaran kararynda agentligiň Azatlyk Radiosynyň grantyny ýatyrmak üçin "esassyz we gödeňsi" hereket edendigini, eger amala aşyrylsa, bu hereketleriň neşire "düzedip bolmajak zyýan" ýetirjekdigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň etrap kazysy Roýs Lamberth 10 sahypalyk kararda neşiriň ýapylmagyny togtatmak üçin TRO-nyň, wagtlaýyn çäklendirme buýrugynyň zerurdygyny, sebäbi Azatlyk Radiosynyň kazyýet işinde ýeňiş gazanjaga meňzeýändigini, USAGM-iň erkin ýaýlymyň ykbaly baradaky çäreleriniň kazyýet diňlenişigi geçirilmezinden öň dowam etdirilmeginiň bu neşire “düzedip bolmajak zyýan” ýetirjekdigini we bu buýrugyň çykarylmagynyň jemgyýetçilik bähbidine laýyk gelýändigini aýtdy.

"USAGM-nyň ýolbaşçylygy, hakykatda hiç hili delil getirilmeýän bir sözlem bilen, eger-de prezident olara bu şeýle edilmeli diýip aýdan bolsa hem, Azatlyk Radiosyny ýapmaga mejbur edip bilmez" diýip, Lamberth aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus