Добавить новость
World News


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ Wengriýanyň ýokary derejeli resmisine garşy sanksiýa girizýär

Birleşen Ştatlar premýer-ministr Wiktor Orbanyň hökümetinde möhüm rol oýnaýan ýokary derejeli wenger resmisine garşy, onuň korrupsiýa gatnaşygy barada aýdylýanlar üçin, sanksiýalary yglan etdi.


ABŞ-nyň Gazna departamentiniň 7-nji ýanwarda çap eden habarynda aýdylmagyna görä, "wezipesinden özüni we öz partiýasyna wepaly adamlary baýztmak üçin peýdalanan Antal Rogana garşy sanksiýalar girizilýär".


Rogan “Wengriýanyň ykdysadyýetiniň birnäçe strategiki pudagyna gözegçilik etmek, pudaklardan alynýan girdejileri özüne we Orbanyň “Fides” partiýasyna ygrarly adamlara siňdirmek üçin shemalary gurnady" diýip, departament aýtdy.


Orbanyň sag-ganat hökümetiniň ýolbaşçylygyndaky Wengriýa ýurt içinde we daşary ýurtda demokratiýadan yza çekilmekde aýyplandy.


Wengriýanyň daşary işler ministri Piter Szijarto ABŞ-nyň bu gören çäresini tankytlady we muny ABŞ ilçisiniň “şahsy söwdasy” diýip atlandyrdy.


"Ýene birnäçe günden Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna biziň ýurdumyza duşman däl-de, dost hökmünde garaýan adamlar tarapyndan ýolbaşçylyk ediljekdigi nähili gowy zat" diýip, ol saýlanan prezident Donald Trampyň 20-nji ýanwarda boljak kasam kabul ediş dabarasyny nazarda tutup aýtdy. Donalt Tramp Orban barada köplenç gowy sözleri aýdýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus