Russiýa bilen Pakistan 2025-nji ýylyň martynda, Türkmenistanyň çägini ulanyp, ýük daşamak üçin ilkinji göni demirýol gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär diýip, “Biznes Türkmenistan” Pakistanyň energetika ministri Aweýs Legariniň sözlerine salgylanyp habar berýär.
A.Legari TASS habar gullugyna beren interwýusynda Russiýadan Türkmenistanyň üsti bilen Pakistana geljek ilkinji ýük otlusynyň mart aýynyň ahyrlaryna çenli ýola çykmalydygyny aýdypdyr.
Habarda aýdylmagyna görä, Demirgazyk–Günorta halkara ulag geçelgesiniň Gündogar şahasy arkaly iberiljek ýük Owganystanyň çägine girmän, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demirýol ulgamlary arkaly geçiriler.
“Russiýa demirýollary Logistika” paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň wezipesini ýerine ýetirýän Oleg Poleýewiň sözlerine görä, täze geçelge üstaşyr geçirmäge sarp edilýän wagty ep-esli azaldar we iki ýurduň arasyndaky söwdanyň möçberlerini artdyrar.