Gazagystanyň günbataryndaky Aktau howa menzilinde Russiýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň uçarlaryny bejerjek tehniki hyzmat merkeziniň gurilmagy meýilleşdirilýär. Bu planlary 23-nji dekabrda Gazagystanyň transport ministri Marat Karabaýew yglan etdi.
“Merkez Gazagystanyň, Russiýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýat we harby uçarlaryna (Gazagystandan, Russiýadan, Özbegistandan, Türkmenistandan, Gyrgyzystandan we Täjigistandan 411 ýolagçy raýat awiasiýa uçaryna) hyzmat eder. Taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde howa menziliniň ýük daşamak kuwwaty ýylda 200 müň tonna çenli artar we ýyllyk dolanyşygy 520 milliard tonna bolar”- diýip, Marat Karabaýew aýtdy.
Merkeziň gurluşygynyň YDA, "Türk Tehnik" we ASFAT kompaniýalary tarapyndan amala aşyryljakdygy aýdyldy. Şeýle hem, howa menziliniň çäginde okuw merkezlerini gurmak göz öňünde tutulýar .
Gazak resmisiniň sözlerine görä, Aktau howa menziliniň esasy artykmaçlygy ol ulaglaryň ähli görnüşlerine niýetlenýär we Ýewropa ýakyn ýerleşip, üç sagatda uçup baryp bolýar.