Duşenbe güni Ysraýylyň Goranmak ministri Ysraýel Katz Hamasyň lideri Ismail Haniýanyň Eýranda öldürilmeginiň Ysraýyl goşunynyň işidigini ilkinji gezek aç-açan boýun aldy diýip, "Reuters" habar berýär.
Palestinanyň yslamçy topary Hamasyň syýasy lideri Ismail Haniýa iýul aýynyň ahyrynda Tähranda öldürildi. Eýranyň häkimiýetleri şol hüjümde Ysraýyly günäläpdi.
Katz 23-nji dekabrda eden çykyşynda şeýle diýdi: “Şu günler, husitleriň terror guramasy Ysraýyla raketa atýan mahaly, men olara anyk habar ibermek isleýärin: 'Biz Hamasy ýeňdik, Hizballany ýeňdik, biz Eýranyň goranyş ulgamyny kör etdik we önümçilik desgalaryna zeper ýetirdik, Siriýada Assadyň režimini agdardyk, ýamanlygyň ojagyna çynlakaý zarba urduk. Şeýle hem, garşylygyň iň soňky nokady bolup galan Ýemendäki husit-terrorçylara agyr zarba urarys ".
Ýemendäki Eýran tarapyndan goldanýan topar, Ysraýylyň deňiz gabawyny güýçlendirmek maksady bilen iki ýyldan gowrak wagt bäri Gyzyl deňizdäki söwda gämilerine hüjüm edýär. Bu topar Ysraýylyň Gazadaky 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri alyp barýan söweşinde palestinalylara raýdaşlyk edýändiklerini aýdýar.