Добавить новость
World News


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan ABŞ bilen maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga umyt baglaýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow 16-njy dekabrda Türkmenistan-ABŞ işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýadaky ýolbaşçysy Çaba Leýkony we “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony kabul etdi.


Amerikan işewürleri Aşgabada Türkmen-amerikan işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin geldiler. Berdimuhamedowyň Erik Stýuart bilen mundan öňki duşuşygy aprel aýynda bolupdy.


Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň geljegi we möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.




Berdimuhamedow myhmanlaryň bu saparynda türkmen kärdeşleri bilen geljegi uly ugurlar boýunça pikir alyşmak mümkinçiliginiň dörejekdigini, geçirilen gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigini nygtady diýip, türkmen metbugaty anyklaşdyrman habar berdi.


Şeýle-de, prezident Türkmen-amerikan işewürlik maslahatynyň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.


Resmi habarlara görä, “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “Сase New Holland”, “Nicklaus Companies”, “Westport Trading Europe Limited” ýaly iri amerikan kompaniýalary Türkmenistanda möhüm taslamalary amala aşyrýar.


Nebit-gaz pudagy, elektroenergetika, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlar bilelikdäki işiň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi, Berdimuhamedow Türkmenistanyň amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini, olaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus