Türkmenistan Owganystandaky sosial-ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyny dowam etdirýär diýip, türkmen metbugaty 16-njy dekabrda habar berdi.
Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 15-nji dekabrda Owganystana iş saparyny edip, iki ýurduň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri göwrümli energiýa, ulag we infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy.
Türkmen DIM-i bu çärä “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirýän Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekilleriniň hem gatnaşandygyny belleýär.
Türkmen wekilleri saparda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçiriji taslamasynyň Serhetabat-Hyrat bölegindäki gurluşyk işleriniň gidişi, “Arkadagyň ak ýoly” atly süýüm-optiki aragatnaşyk liniýasynyň gurluşygy, Turgundy demirýol menziliniň gury ýer portunyň gurluşygy, bu ýoluň Turgundy-Sanabar böleginde gurulýan ammar toplumynyň gurluşygy bilen tanyşdy diýip, habarda bellenýär.
11-nji sentýabrda, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda başlanan gurluşyk işleri sebitdäki ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we infrastrukturany ösdürmäge gönükdirilen diýip, habarda nygtalýar.