Добавить новость

Трамп и Макрон обсудили предстоящие переговоры Москвы и Вашингтона

В Москве состоялась зрительская премьера драмы «Кончится лето» с Юрой Борисовым

Спортсменка завоевала "серебро" международных соревнований по киокушин

\"Убедительная подготовка к плей-офф\": Филин о дерби с \"Динамо\"

World News


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Onlaýn humar oýunlarynyň meşhurlygy artýar, ýaşlar, uly adamlar müňläp pullaryny ýitirýär

Internet ulgamyndaky humar oýunlary türkmenleriň arasynda has köp meşhurlyk gazanyp başlady. Bir topar ýaşlar, uly ýaşly adamlar bu oýunlarda müňlerçe manat pullaryny ýitirip, maşgalalar agyr zyýana galýar.


Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy bu sebitde ilat arasynda meşhurlyk gazanyp başlan wirtual meýiller barada habar berýär. Ýöne bu oýunlar diňe Internet bilen ýa-da diňe ýaşlar bilen çäklenmeýär. Habarçymyz uly adamlaryň arasynda hem pully oýunlara bolan gyzyklanmalaryň artýandygyny aýdýar.


Bellemeli ýeri, bu hilli endikler esasan gurply hojalyklarda has köp göze ilýär. Ýöne ýönekeý adamlaryň, ýaş raýatlaryň arasynda hem şeýle gyzyklanmalar bar.




“Mekdep okuwçylary galp hasaplaryň üsti bilen Internet arkaly futbol ýaryşlaryna, humar oýunlaryna uly möçberlerde pul goýýar” diýip, bir maryly ýaşaýjy aýdýar.


“Pully adamlaryň çagalary 10 müňläp pul goýup, humar oýnaýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.


Mekdep okuwçylarynyň arasynda Internetde bar bolan beýleki oýun platformalaryna-da has köp çykdajy edilýän halatlary bolýar.


Okuwçy ýaşlar PUBG (Näbelli oýunçynyň söweş meýdany) oýun platformasynda, meselem, 1000 manat möçberinde pul töläp, hasap satyn alýarlar.


Mekdep ýaşyndaky ýetginjekleriň arasynda öýlerinden pul ogurlap, humar oýunlaryna pul goýýan okuwçylar bar.


At çapyşyklara, futbol ýaryşlaryna ýa-da möhüm tutluşyklara Internet arkaly pul goýup pullaryny ýitirýän adamlar az däl diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.


Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň hökümeti Internet ulgamyny çäklendirmekde tanalýar. Raýatlaryň onlaýn hereketleri berk häkimiýet gözegçiliginiň astynda galýar.


Diňe bir ýaşlar däl, uly ýaşly adamlaryň arasynda hem humar oýunlarynda pullaryny ýitirýän adamlar bar.


Ýöne olaryň aglabasy, ýaş raýatlardan tapawutlylykda, Internet arkaly däl, hakyky durmuşda özleriniň deň-duşlary bilen ýörite jaýlarda pully kart oýnap, humarlandyryjy hereketlere baş goşýarlar.


Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan ýaşlar, uly adamlar şeýle meýilleriň möwjemegine häkimiýetler tarapyndan göz ýumulýandygyny aýdýarlar.


“Pully kart oýunlary hususy öýlerde oýnalýar. Bu zatlardan polisiýa işgärleri habarly, ýöne olar şol hojalyklardan öz paýlaryny alyp, bolýan zatlara göz ýumýarlar” diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.


“Uly adamlaryň arasynda pully kart oýnap, maşgalalaryny dargadýan adamlar hem bar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


Türkmenistanda humar oýunlary ýörite kanunçylyk bilen düzgünleşdirilmeýär. Ýöne Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi humarly oýunlary oýnamagyň kadalarynyň bozulmagy bilen bagly ýagdaýlara jerime töleglerini göz öňünde tutýar.




Soňky wagtlarda ilat arasynda humar, bije, lotereýa ýaly oýunlar hem has giň ýaýbaňlanyp başlady. Önüm öndürijiler has köp müşderi çekmek üçin bijeli utuşlary yglan edýärler. Geçen aý Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marynyň söwda nokatlarynyň birinde gazly suwlaryň söwdasy boýunça bijeli oýunlaryň yglan edilendigini habar berdi. Şonda suwlaryň gapagyna dürli utuşlar ýerleşdirilip, olaryň hatarynda 10 sany “Toyota Highlander” awtoulagynyň utuşa hödürlenmegi ilat arasynda garyşyk duýgulary möwjedipdi.


Iki ýyl ozal, Marynyň söwda we dynç alyş merkezleriniň birinde jorap söwdasy boýunça yglan edilen bijeli utuşlar ilat arasynda tas tolgunyşyga getiripdi. Munuň yz ýany, häkimiýetler telekeçilere şeýle oýunlary gadagan edipdi.


Bulardan başga-da, ýurduň dürli sebitlerinde wagtal-wagtal pul goýlup, itler ýa-da horazlar hem uruşdyrylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu hili humar oýunlary barada hem habar berýärler.


Ýöne diňe bir itler, ýa-da horazlar däl, Azatlyk Radiosynyň habarçysy awgust aýynda Lebabyň gijeki klublarynyň birinde uly möçberlerde pul baýraklarynyň goýlup, adamlaryň hem uruşdyrylýandygyny, düzgünsiz uruşlaryň geçirilýändigini habar berdi.


Azatlyk Radiosy Internet ulgamyndaky humar oýunlarynyň ýaş okuwçylaryň arasynda meşhurlyk gazanmagy we munuň çagalaryň ruhy saglygyna ýetirýän täsirleri barada bilim resmileri bilen ýa-da ýerli hünärmenler bilen gepleşip bilmeýär, şol bir wagtda, bu ýagdaýlar boýunça ýerli häkimiýetlerden hem resmi teswir alyp bilmeýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Москвичей предупредили о скорой оттепели

В Японии банковские сейфы больше не гарантируют безопасность ценностей

Разборки на дороге могут закончиться сроком: юрист рассказал о нюансах

Эксперт назвал среднюю зарплату таксиста в Москве

Музыкальные новости

Турнир по хоккею на Кубок генерала армии Николая Рогожкина состоялся в Тамбовской области

Меркурис: Путин и Трамп довели Европу до нервного срыва

AI Певица. Создание AI Певицы. AI Певец. AI Артист.

В преддверии Дня защитника Отечества в Мордовии прошли соревнования памяти погибшего сотрудника ОМОН

Новости России

"200 - 300 тысяч для начала мне хватит". Актер Назаров засобирался в Россию

Эксперт назвал среднюю зарплату таксиста в Москве

В Москве состоялась зрительская премьера драмы «Кончится лето» с Юрой Борисовым

В МИД КР прокомментировали информацию об «облаве» на мигрантов в Москве

Экология в России и мире

Министр здравоохранения СК Ю.В. Литвинов провел личный прием граждан

«Паруса на крыше» стали официальным представителем проекта «Петербургская кухня»

Две трети россиянок дарят себе подарки и считают это важным

Личная охрана в Москве. Профессиональная личная охрана. Услуги личной охраны. 

Спорт в России и мире

Неожиданный вылет Медведева, США обыграли Канаду на турнире НХЛ. Главное к утру

Людмила Самсонова легко обыграла Павлюченкову на старте турнира WTA-1000 в Дубае

Медведев обошел Джоковича в рейтинге ATP и стал шестой ракеткой мира

Александрова попала в топ-5 чемпионской гонки WTA.

Moscow.media

Названы причины загоревшегося накануне трамвая в Орле

Беспроводной сканер штрих-кодов SAOTRON P05i промышленного класса

Bluetooth-сканер штрих-кодов SAOTRON P04 на базе CMOS-матрицы

Большинство новых автомобилей в России продаются за 2–3 млн рублей











Топ новостей на этот час

Rss.plus






"Уберите его!" Ельцин Центр теперь в Москве. Выгоняет журналистов и глумится над русскими солдатами

В Москве состоялась зрительская премьера драмы «Кончится лето» с Юрой Борисовым

\"Убедительная подготовка к плей-офф\": Филин о дерби с \"Динамо\"

Москвичей предупредили о скорой оттепели