Добавить новость


World News


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Hazarýaka ýurtlary Hazar deňziniň aladasyny edýär

BMG-niň Klimat özgermesi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň (COP29) 29-njy sessiýasynyň çäginde, hazarýaka ýurtlarynyň resmileri Bakuwda ýynanyp, “Howanyň üýtgemeginiň fonunda Hazar deňziniň suwunyň çekilmegi” meselesine seretdiler.


“Orient” neşiriniň Suinfo.aza salgylanyp ýazmagyna görä, Azerbaýjan, Türkmenistan, Gazagystan, Russiýa, Eýran ýaly hazarka döwletleriniň we BMG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan ýygnakda degişli ýurtlaryň hünärmenleriniň suw derejesiniň üýtgemegini hemmetaraplaýyn öwrenmek we uýgunlaşdyryş çärelerini işläp düzmek üçin bilelikde işlemeginiň möhümdigi aýdyldy.


Azerbaýjanyň ekologiýa we tebigy baýlyklar ministriniň orunbasary Umaira Tagiýewa ýygnakda çykyş edip, Hazar deňziniň derejesiniň taryhda hasaba alnan iň pes derejä ýakyn gelendigine ünsi çekdi.


Soňky 30 ýylda deňiz derejesi takmynan 2,5 metre çenli peseldi we soňky ýyllarda ýyllyk peseliş 20-30 santimetre ýetdi.


Azerbaýjan resmisi deňziň bu hili çalt ýalpaklaşmagynyň çynlakaý daşky gurşaw we ykdysady töwekgelçilik meselelerini döredýändigini, bu ýagdaýyň haýal etmän çäre görülmegini talap edýändigini aýtdy.


UNEP-iň ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bu çäräniň dowamynda “Hazar deňziniň derejesiniň üýtgemegi we howanyň üýtgemegi” diýen temada taýýarlan hasabatyny hödürledi.




 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus