Добавить новость


World News


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Azerbaýjan kommentatory 'içalyçylykda' aýyplanyp, 13 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Bakuw kazyýeti Azerbaýjanyň syýasy kommentatory Näzakät Mämmedowany Russiýanyň haýryna içalyçylyk etmekde aýyplap, 13 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi diýip, Azatlyk radiosynyň Azerbaýjan gullugy habar berýär.


Metbugatda öz düşündirişleri bilen çykyş eden we YouTube kanalyndaky “Alfa” teleýaýlymyny alyp baran Mämmedowa geçen ýylyň oktýabr aýynda tussag edildi we 5-nji noýabrda azatlykdan mahrum edildi.


Azerbaýjanyň Döwlet howpsuzlyk gullugy ony žurnalist şahsyýetnamalaryny Russiýanyň aňtaw gullugy bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin ulanmakda aýyplady.


Azerbaýjan häkimiýetleri onuň YouTube kanalynyň "aç-açan orsýetçi materiallary" ýaýlyma berendigini we Moskwa eden saparlarynda Russiýanyň aňtaw gullugynyň işgärleri bilen gizlin duşuşyp, olardan pul alandygyny öňe sürdi.


46 ýaşly Mämmedowa Russiýa konferensiýa gatnaşmak üçin gidendigini we alan pulunyň syýahat çykdajylary üçin edilen töleg bolandygyny aýdyp, bildirilen aýyplamalaryň ählisini ret etdi.


Azerbaýjan häkimiýetleri soňky ýyllarda birnäçe žurnalisti tussag etdi. Žurnalistleri goramak baradaky komiteti žurnalistlere bildirilen aýyplamalary "toslama" we "syýasylaşdyrylan" diýip atlandyrdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus