Türkiýäniň Aşgabatdaky wiza merkezi 14-nji fewralda ýurduň günorta-gündogarynda bolan weýrançylykly ýer titremesinde ejir çekenlere kömek üçin berlen ýorganlary kabul eder diýip, “Orient” neşiri Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Orala salgylanyp ýazýar.
“Şu 14-nji fewralda söýgülileriňize sowgadyňyz Türkiýede bolup geçen ýer titremesinde ejir çekenlere iberjek haýyr-sahwat geçirimiňiz bolsun!” diýip, Walentin gününe gabat yglan edilen çäräniň bildirişinde aýdylýar.
"Orient” neşiriniň ýazmagyna görä, Türkiýä ugratmak üçin “ulanylmadyk, galyň gyş ýorganlary sellofana oralyp kabul edilýär”.
Ýorganlaryň Türkiýäniň Türkmenistandaky wiza merkezinde, Aşgabat şäheriniň G. Kulyýew köçesiniň 88-nji binasynda, sagat 13:00-dan 17:00-ä çenli kabul edilýändigi habar berilýär.
Şu aralykda, Türkmenistanyň uçar gatnawlarynyň pandemiýadan ozalky ýygylyklaryna dolanmagy baradaky habarlaryň arasynda, “Progres.online” neşiri türkmenistanlylaryň Türkiýä barmagy üçin girizilen wiza düzgüniniň ýatyrylmagynyň maksada laýyk boljakdygyny, ol ýerde uly betbagtçylygyň bolandygyny, Türkiýede kanun esasynda 120 müň çemesi türkmenistanlynyň ýaşaýandygyny, olaryň öz maşgala agzalaryny, garyndaşlaryny görmek isleýändigini ýatlatdy.
Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremelerinde we soňky sarsgynlarda ölenleriň sanyň 35 müň adamdan geçdi.