Eýranyň kazyýet ulgamy zibil taşlanýan çelegi otlan adamy "Hudaýa garşy uruşmakda", ölüm jezasy berilýän jenaýatda aýyplady.
Kazyýetiň garamagyndaky “Mizan” habar gullugy prokuroryň wekiliniň 7-nji noýabrda beren habaryna salgylanyp, Sahand Nurmohammadzadeniň Tähranda "uly ýoluň haýatlaryny bozup, zibil çeleklerine we tekerlere ot berip”, awtoulag ýolunyň petiklenmegine sebäp bolandygyny aýtdy.
Nurmohammadzade özüne bildirilen aýyplamalary ret etdi we özüniň hiç hili bidüzgünçilik döretmek niýetiniň bolmandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, Tährandaky kärhanasynyň öňünde geçirien protest wagtynda kimdir birleri hapa çeleklerine ot berdi, ýöne ol bu proteste düýbünden gatnaşmady.
Bu habar Eýranyň 290 orunly, berk liniýaly parlamentiniň 227 kanun çykaryjysynyň kazyýet ulgamyny sentýabr aýynda, hamala baş örtügini düzüw geýmändigi üçin tussag edilen we polisiýanyň gözegçiliginde ölen ýaş gyz sebäpli başlanan köpçülik protestlerine gatnaşyjylara ölüm jesasyny bermäge çagyrmagynyň yz ýanyndan peýda boldy.
Eýranyň baş kazysy Golamhossein Mohseni Ejei 7-nji noýabrda Ýokary kazyýet geňeşiniň mejlisinde çykyş edip, parlamentiň talaby bilen ylalaşýandygyny we demonstrantlaryň käbiriniň Kisas ýörelgesine ýa-da ar alyş kanunyna laýyklykda jezalandyrylyp bilinjekdigini aýtdy.