Добавить новость


World News


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

ABŞ resmisi Waşington Russiýa-Ukraina krizisinde “islendik ýagdaýa taýyn” diýýär

Milli howpsuzlyk geňeşçisi Jeýk Sulliwan bolup biljek konfliktiň aladalaryny azaldyp bilmedik gepleşiklerden soň, Moskwanyň ukrain serhediniň alkymynda goşun toplamagy netijesinde dörän krizis sebäpli, Orsýet bilen gapma-garşylykda geljekde ädiljek ädimleri aýan etdi.


Sulliwan CBS telewideniýesine beren interwýusynda Waşingtonyň “her hili ýagdaýa taýýardygyny” aýtdy. 


"Biz öz ýaranlarymyz we hyzmatdaşlarymyz, şol sanda ukrainler bilen ýakyn aragatnaşykda" diýip, prezident Jo Baýdeniň baş geňeşçisi Sulliwan CBS telekanalyna beren interwýusynda nygtady. 


"Biz indiki ädiljek ädimleri ýakyndan utgaşdyrýarys. Geljek hepdäniň başynda bizde indiki diplomatiýa ädimleri babatynda paýlaşyp boljak has köp maglumat bolar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


"Ýöne bu ýerde esasy mesele biziň her hili ýagdaýa taýyn bolmagymyzdadyr. Eger-de Russiýa diplomatiýa ýykgyn etmek islese, biz öz ýaranlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde muňa doly  taýyn".


Birleşen Ştatlar Russiýanyň Ukraina bilen serhet ýakasynda 100 000 töweregi esger toplandygyny aýdýar we Moskwany hüjüm etmek üçin "bahana" edinmek synanyşygynda  aýyplaýar. 


"Eger-de Russiýa çozmak we eskalasiýa ýolundan gitmek islese, biz muňa-da berk gaýtawul bermäge taýyn" diýip, Sulliwan aýtdy.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus