Добавить новость

«Мострансавто» начало обслуживание 14 новых маршрутов в Балашихе

В Серпухове начались ремонтные работы в школе № 1

Биологи МГУ изучили формирование биоразнообразия в парках

Девочки 12 и 15 лет погибли в Москве при похожих обстоятельствах



World News


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Döwlet edaralary Berdimuhamedowyň täze goşgusy ýazylan plakatlary satyn almaly edildi

Lebap welaýatynda mekdepler, keselhanalar, saglyk öýleri, şol sanda oba saglyk öýleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaňy-ýakynda köpçülige ýetiren goşgusy ýazylan plakatlary hem-de prezidentiň täze portretlerini satyn almaly edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.


Talap edilýän plakatlaryň ini 1 metr, uzynlygy 2,5 metr bolup, olarda Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly goşgusy şöhlelenmeli.


Azatlygyň Lebapdaky habarçysyna görä, plakat we portretler üçin mekdep mugallymlary öz aralarynda adam başyna 40 manatdan pul ýygnamaga mejbur edilýärler. Galyberse-de, bu talap keselhanalara we saglyk öýlerine-de degişli.




Lebabyň bir çaphanasy plakat çap etmek üçin şu günler tas 24 sagat diýen ýaly iş alyp barýar.


Býujet işgärleri talap edilýän pullaryň özleri üçin artykmaç we gereksiz çykdajy bolýandygyny aýdýarlar.


Berdimuhamedow 12-nji dekabrda paýtagt Aşgabatda Bitaraplyk baýramyna bagyşlanyp geçirilen dabarada özüniň täze goşgusyny okap berdi.


Aşgabadyň Kabul ediş merkezinde geçirilen dabara ýokary derejeli türkmen resmileri, şeýle-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdy.


Bitaraplyk baýramyna bagyşlanan goşgy parahatçylyga we asudalyga çagyrýar.


Meniň sözüm — könäň sözi,


Meniň sözüm — täzelik däl:


Ýaraglaň sesi, sem boluň!


Mukaddes zatlaň hakyna,


Bütin dünýäniň hakyna,


Saklanalyň, adamlar!


 


Millionlarça ykbala


Gyýa garamak bolmaýar,


Ýowuz daramak bolmaýar!


[...]


“Ýaraglaň sesi, sem boluň!” diýip, prezident türkmen auditoriýasyna ýüzlenýär. Bitarap Türkmenistanda prezident Berdimuhamedowyň gatnaşýan harby tälim-türgenleşiklerinde eşidilýän ýarag seslerinden başga ýarag sesi çykmaýar.


“Millionlarça ykbala/Gyýa garamak bolmaýar/Ýowuz daramak bolmaýar/Soňsuz asmanyň hakyna...” diýip, Berdimuhamedow, görnüşinden, türkmen giňişliginden has giň, has iri auditoriýa, belki-de tutuş adamzada seslenýär.


“Saklanalyň adamlar!” diýip, ol gaýtalaýar.


Uruş we parahatçylyk mazmunly goşgy Türkmenistanyň günorta-gündogar goňşusy Owganystanda 20 ýyl dowam eden urşuň tamamlanyp, soňky hepdelerde Russiýanyň Ukraina golaý serhede goşun toplaýandygy, rus goşunynyň Ukraina çozmak ähtimallygy baradaky aladalaryň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.


Prezident öz goşgusynda “Saklanalyň adamlar!” diýip, dört gezek gaýtalaýar.


“Ýaraglaň sesi, sem boluň!” diýen sözlerinden çen tutulsa, Berdimuhamedow görnüşinden, adamzady, uruşdan saklanmaga çagyrýar.




Goşgynyň üçünji bendinde “dert-belalar ýol salmasyn” diýip, Berdimuhamedow aýdýar. Prezidentiň “dert-belalaryň ýol salmazlygy” barada edýän isleg-arzuwlary tutuş dünýäde global COVID-19 pandemiýasy dowam edýän wagty onuň hökümetiniň erjellik bilen wirusy inkär edýän wagtyna gabat gelýär.


“Öz döredýän kynçylygymyz/Goý hiç haçan ýol almasyn” diýip, Berdimuhamedow “öz döredýän kynçylygymyzy” aýdyňlaşdyrmaýar. “Ýamanlykdan ýüz öwreliň!” diýip, prezident ündeýär.


“Arkadag indi goşgy ýazmasyn diýip, Hudaýdan dileg edýäris!” diýip, lebaply Sähet mugallym (ady üýtgedildi) Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.


Azatlygyň habarçysyna görä, Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda prezidentiň portretini we plakatyny satyn almak üçin her bir mugallymdan 40 manatdan pul ýygnalýar.


Lebap ýaşaýjysy Sähet mugallymyň sözlerine görä, Sakararyk obasynyň mugallymlary hem alaçsyz 40 manatdan pul ýygnamaly bolýarlar.


“Bu onsuz hem gün-güzerany kyn bolan mugallymlar üçin maddy zyýan bolýar” diýip, Sähet mugallym şikaýat edýär.


Prezidentiň we onuň ýakyn töwereginiň şahsyýet kulty yzygiderli dabaralandyrylýan Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalary köpýyllyklaryň dowamynda prezidentiň portretlerini ýa-da, wagtal-wagtal, onuň ýazandygy aýdylýan kitaplary satyn almaga mejbur edilýärler.


Berdimuhamedow bolsa özüniň ýazandygy aýdylýan kitaplaryň girdejileriniň hasabyna wagtal-wagtal ýurduň metjitlerinde sadaka berýär.


Berdimuhamedowyň goşgy ýazmazlygy üçin “Hudaýdan dileg edýän” sakararykly mugallym prezidentiň goşgulary üçin ýa-da onuň kitaplary üçin mejbury ýygnalýan pullaryň özleri üçin “artykmaç çykdajy” bolýandygyny gaýtalady.


“Bir giden gereksiz goşgular çykdajy bolýar” diýip, Sähet mugallym gaýtalady.




Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, prezidentiň goşgusy ýazylan plakatlary çap etmek üçin şu günler Türkmenabat şäheriniň çaphanasy tas gije-gündiz işleýär.


Berdimuhamedow wagtal-wagtal türkmen däp-dessurlaryny täze öwüşgin bilen wagyz etmek, milli duýgy-düşünjäni öňe sürmek, olary media serişdeleri arkaly ilata düşündirmek talaplary bilen resmileriň öňünde çykyş edýär.


Şeýle talaplaryň fonunda “Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň habaryna görä, Lebapda geçirilýän durmuş toýlarynda bagşylardan diňe türkmen aýdymlaryny aýtmak talap edilýär.


Galyberse-de, täze durmuş gurýan ýaş çatynjalardan öz toýlarynda ilkinji tansy prezidentiň aýdymynyň astynda ýerine ýetirmek talap edilýär.


Prezidentiň döredendigi aýdylýan, ýöne synçylar tarapyndan plagiat hasaplanýan, “Saňa meniň ak güllerim!” aýdymy, meselem, ýaş jübütleriň toýlardaky ilkinji tansy üçin teklip edilýän aýdyma mysal bolup biler.


Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar türkmen hökümetini ýurtda ynsan hukuklaryny gödek bozmakda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy özge pikirliligi berk basyp ýatyrmakda tankyt edýärler. Prezidentiň şahsyýet kulty yzygiderli dabaralandyrylýan ýurtda garaşsyz metbugata düýbünden rugsat berilmeýän mahaly, döwlet media serişdeleri diňe döwlet syýasatyny wagyz etmek bilen borçlandyrylýar. Bu aralykda, ýurt raýatlary halkara arenada ýa-da ýurtda bolup geçýän wakalaryň diňe resmi ýa-da ýarym-resmi wersiýasy bilen tanyş bolmaga mejbur edilýärler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

"Показывал, что он живой". Умер один из основателей российского телевидения Сванидзе

«Ростех»: для расширения производства Су-57 построят дополнительное здание

В Москве умер тележурналист Сванидзе

Профильные классы и кружки открыли в центре «Полет» в Красногорске

Музыкальные новости

Новичок «Спартака» Мангаш: «Знаю Барко, Виллиана Жозе, за которого даже играл в FIFA на приставке»

Хет-трик Абрамова помог ЦСКА разгромить «Сибирь» в матче КХЛ

«Газпром нефть» открывает двери для школьников и студентов

При поддержке Газпромбанка в Санкт-Петербурге представили пилотный трамвай для линии «Славянка»

Новости России

Косметолог дала советы по выбору идеального скраба для лица

Не звоночек, а набат: как легко распознать психопата на первом свидании

Бажин выиграл индивидуальную гонку на летнем чемпионате России по биатлону

VR-систему для обучения управления беспилотниками создали в Подмосковье

Экология в России и мире

Отель Yalta Intourist поздравил воспитанников подшефного центра с Днём знаний

Ювелирная сеть «585*ЗОЛОТОЙ» и портал «Свадьба 585» выпустили первый ювелирный Wedding Box

Tory Burch, коллекция весна-лето 2025

Токсиколог Кутушов: как масло черного тмина может спасти ваше здоровье

Спорт в России и мире

От Елены Рыбакиной потребовали объяснений после очередного отказа от турнира

Азия их рассудит // Арина Соболенко попробует отобрать лидерство в рейтинге WTA у Иги Швентек

Елена Рыбакина снялась с турнира WTA-500 в Сеуле

«Все равно они в элите тенниса». В «Зените» надеются на приезд Медведева и Рублева в Санкт-Петербург

Moscow.media

ТСД SAOTRON RT41 GUN: практичный, производительный, надёжный

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: Гражданам Москвы и Московской области, получившим тяжелые производственные травмы, выданы автомобили марки «Лада Гранта»

Назван срок запуска движения по новым эстакадам на развязке у "Калины"

Пейзаж с усадьбой Гребнево











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Суд Москвы провел беседу с адвокатами Бакальчуков о грядущем разводе

12 сентября в Москве ожидается облачная погода с прояснениями, местами небольшой дождь

VR-систему для обучения управления беспилотниками создали в Подмосковье

Около 10 миллионов человек посетило Северный речной вокзал после его обновления