Birleşen Milletler Guramasy “Talybanyň” parahatçylykly protestlere barha gazaply garşylygyny ýazgaryp, halkara jemgyýetçiligini Owganystanda “Talybany” ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen gepleşiklerini dowam etdirmäge çagyrdy. BMG-niň bu çagyryşy uruşdan ejir çekýän ýurt “ykdysady çökgünlige” golaýlaýan mahalyna gabat gelýär.
BMG-niň adam hukuklary edarasynyň metbugat wekili 10-njy sentýabrda beren maglumatynda ýaragly söweşijileriň “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky administrasiýa garşy demonstrasiýa geçirýän adamlaryň köpçüligini dargatmak üçin ot açyp, gamçy ulanýandygy barada habarlaryň bardygyny aýtdy. Demonstrantlar “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky administrasiýanyň adam hukuklaryny we azatlyklaryny çäklendirmek babatynda ädim ädýändigini aýdýarlar.
“Biz “Talybany” parahatçylykly ýygnanyşmak hukugyny ulanýanlara we protestler barada maglumat taýýarlaýan žurnalistlere garşy güýç ulanmagy we esassyz tussag etmegi haýal etmän bes etmäge çagyrýarys” diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary gullugynyň metbugat wekili Rawina Şamdasani BMG-niň dört demonstrantyň öldürilendigini dokumentleşdirendigini hem sözüniň üstüne goşdy.
Şamdasaniniň bu çykyşy BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterresiň Owganystandaky ykdysady çökgünligiň millionlarça owganystanlyny garyplyga we açlyga iterip biljekdigini aýdan gününe gabat geldi.
“Biz “Talyban” bilen gepleşiklerimizi dowam etdirmelidiris, şol ýerde öz ýörelgelerimizi gönüden-göni tassyklaýarys...” diýip, Guterres AFP habar gullugyna beren interwýusynda aýtdy.
“Örän ejir çekýän, millionlarça we millionlarça adama açlykdan ölmek howpy abanýan ilata raýdaşlyk bildirmek biziň borjumyzdyr” diýip, ol belledi.
Bu aralykda, 9-njy sentýabrda “Talybanyň” hyzmatdaşlygy bilen gurnalan uçar reýsinde takmynan 200 daşary ýurtly, şol sanda amerikaly Kabuly terk etdi. Bu, ABŞ güýçleri bir hepde ozal Owganystandan yza çekilmegini tamamlandan bäri gurnalan şeýle uly göwrümli uçar gatnawynyň ilkinjisidir.
Ýolagçylaryň arasynda 10 amerikalynyň, şeýle hem Kanadanyň, Wengriýanyň, Ukrainanyň, Germaniýanyň we Britaniýanyň raýatlarynyň bardygy aýdyldy.
Kataryň ýörite wekili Mutlak bin Majed al-Kahtani şuňa meňzeş ikinji uçuşyň 10-njy sentýabrda amala aşjakdygyny mälim etdi.
Ak tam Owganystanda takmynan 100 ABŞ raýatynyň galandygyny aýtdy.
Bu aralykda, Gazagystan 9-njy sentýabrda giçlik Kabuldan Merkezi Aziýa ýurduna 35 etniki-gazak owgan raýatynyň ewakuasiýa edilendigini mälim etdi.
Gazak Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Aýbek Smadiýarowyň Azatlyk radiosyna beren habaryna görä, uçar Kabuldan dört sany gazak, bir gyrgyz raýatyny we Gazagystanda hemişelik ýaşamak üçin ygtyýarnamasy bolan bir owgan raýatyny hem alyp gelipdir.
Gazak resmileriniň habar bermegine görä, Owganystanda 200-e golaý etniki gazak bar. Gazagystan 1991-nji ýylda garaşsyz ýurt bolansoň, ýörite programma esasynda, daşary ýurtlardaky etniki gazaklary ýurda getirmäge başlady. Emma muňa garamazdan, Owganystanda henizem etniki gazak kän diýip, resmiler Azatlyk radiosyna aýtdy.
Germaniýanyň “Doýçe Welle” halkara ýaýlym kompaniýasy Owganystandaky 10 habarçysynyň 9-njy sentýabrda Owganystany terk edip, Pakistana barandygyny mälim etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.