4-nji sentýabrda Türkmenistana tanymal rus žurnalisti, TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusman geldi diýip, "Turkmen.news" öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
Aýdylmagyna görä, žurnalist prezident Gurbanguly Berdimuhamedowdan interwiýu almak üçin, resmi Aşgabadyň iberen uçarynda gelipdir we ýurda goýberilmän, 5-nji sentýabrda, gelen uçarynda yzyna ugradylypdyr.
Hakykatda yzyna 7-nji sentýabrda dolanmaly žurnalist, garaşsyz neşiriň Türkmen DIM-indäki çeşmesiniň sözlerine görä, COVID-19 boýunça geçirilen synagyň netijesi bilen baglylykda saklanyp, "Türkmenistan" awikompaniýasynyň EZ-A020 belgili "Boing-737" uçarynda, Domodedowa aeroportyna, uzyna ugradylypdyr.
Şeýle-de neşir rus habar agentligine ýazmaça we telefon arakly ýüz tutup, bu maglumat boýunça düşündiriş alyp bilmändiigini, TASS-yň metbugat gullugynyň işgäriniň "Biz siziň haýyşyňyzy gördük, ýöne gynansak-da, oňa jogap berip bilmeris" diýendigini belleýär.
"Türkmenistan" awikompaniýasy indi birnäçe aý bäri başga ýurtlarda galan türkmen raýatlary üçin çykyş gatnawlaryny gurnamaýar, hususan-da rus ÝOJ-laryny tamamlan 10 müň çemesi uçurym okuw wizalarynyň möhleti dolup, bikanun ýagdaýa düşdi diýip, habarda bellenýär.
Mundan başga, neşir türkmen uçar kompaniýasynyň emigrantlar üçin içerki uçar gatnawyny ýatyrandygyny, Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň gurnaýan çykyş uçarlaryna ýetişmeli ýolagçylara edýän hyzmatyny kesip, ozal ylalaşylandygyna garamazdan, S7 uçaryna münjek adamlary Aşgabatdan Türkmenabada getirmändigini habar berýär.