ABŞ-nyň baştutanlygyndaky halkara güýçlär şu ýyl Owganystandan doly çekilýän mahaly, prezident Jo Baýden ABŞ harbylaryna ýardam beren owganystanlylaryň yzda galdyrylmajakdygyny aýdyp, olara ýardam wada berýär.
“Bizde ýardam beren adamlar yzda galdyrylmaz” diýip, Baýden 24-nji iýunda Ak tamda eden çykyşynda aýtdy. Ol 25-nji iýunda Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani we ýurduň Milli ylalaşyk geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah bilen duşuşýar.
Birleşen Ştatlara ýardam beren owganystanlylary göçürmek işleri bireýýäm başlady diýip, Baýden aýtdy. Ýöne ol, göçürilýän owganystanlylar ABŞ wizalaryna garaşýan mahaly, olaryň nirä göçüriljekdigini mälim etmedi.
“Talyban” soňky hepdelerde onlarça etraby hökümet güýçlerinden yzyna aldy. Bu, Günbatar goldawly Kabul hökümetiniň we ejizlän owgan howpsuzlyk güýçleriniň, ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçler 11-nji sentýabra bellenen möhletde Owganystandan doly çekilenden soňra, çöküp biljekdigi barada aladalary döretdi.
Bu aralykda, Baýden administrasiýasy ABŞ harbylary 20 ýyl bäri Owganystanda bolan döwründe terjimeçi bolup işlän, ýa-da başga görnüşde olara ýardam beren owganystanlylary ewakuasiýa etmek babatynda ABŞ Kongresiniň agzalarynyň we weteranlaryň basyşlaryna sezewar boldy.