Добавить новость
World News


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gyrgyz Konstitusiýasynyň gyssanmaç düzedilmeginiň töweregindäki alada güýçlenýär

Bişkegiň merkezinde Gyrgyzystanyň konstitusiýasyna girizilmegi teklip edilýän üýtgetmelere garşy müňlerçe adamyň toplanmagyna garaşylýar, opponentler bu üýtgetmeleriň häkimiýet çalyşmasyndan soň merkezi aziýa ýurdundaky azatlyklary we demokratiýany ýok etjekdigini öňe sürýärler.


22-nji noýabrdaky nägilelik ýygnanyşygy 4-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň ýüze çykan syýasy krizisiň dowamy bolup durýar. Bu syýasy krizis dawaly saýlawdan soň türmeden boşadylan Sadyr Žaparowyň birnäçe Makiawelli primini ulanyp, premýer-ministr we ýerine ýetiriji prezident hökmünde orta çykmagyna sebäp boldy. 


Žaparow gidýän parlamente basyş görkezmek bilen prezidentiň ygtyýarlyklaryny giňeldýän, parlamentiň ygtyrýarlyklaryny gowşadýan konstitusiýa düzedişleriniň başlanmagyny gazandy. Bu düzedişler kabul edilse, Halk gurultaýy (geňeşi) diýlip atlandyrylan täze ýerine ýetiriş guramasy döredilip,  oňa hem parlament, hem  hökümet hasabat bermeli.


"Gyrgyzystanyň wagtlaýyn mejlisiniň, hususan-da konstitusiýada göz öňünde tutulan amallara ters gelýän görnüşde, giňişleýin konstitusiýa üýtgetmelerini girizmäge kanuny hukugy ýok" diýip, adam hukuklaryny goraýan HRW guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň müdiri Hýug Williamson 21-nji noýabrdaky beýanatynda aýtdy.


"Gyrgyzystanyň adam hukuklaryna we kanununyň hökmürowanlygyna ygrarlydygyna şübhe bolmaz ýaly, islendik konstitusiýa reformasy täze parlament kasam kabul edilýänçä gijikdirilmeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


17-nji noýabrda köpçülige hödürlenen konstitusiýa üýtgetmeleri taslamasyna 10-njy ýanwara bellenen  irki prezident saýlawlary wagtynda ses berler öýdülýär. 


Bu üýtgetmeler parlamentiň web sahypasynda köpçülige mälim edileli bäri, ol häzirki we öňki gyrgyz resmileri we adam hukuklaryny goraýjylar, beýleki adamlar tarapyndan bir topar tankyda sezewar boldy.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus